TÜRKMEN-ARAP YLYM-BILIM HYZMATDAŞLYGY MASLAHATLAŞYLDY

     Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda türkmen-arap ylym-bilim hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi üçin Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Gülşat Ýusupowa bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ahmed Alhaý Al-Hameliniň arasynda duşuşyk geçirildi.

     Duşuşygyň dowamynda institutyň rektory institutda hereket edýän okuw we ylmy merkezleri barada, şeýle hem iki ýurduň arasyndaky, dostlukly gatnaşyklary, özara bähbitli hyzmatdaşlyk barada giňişleýin gürrüň berdi. Mundan başga-da, bilim babatynda hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek babatda birnäçe teklipler ara alyp maslahatlaşyldy.

 

atavatan-turkmenistan.com

18.09.2024ý.