Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrap Geňeşiniň hem-de etrabyň bedenterbiýe we sport bölüminiň bilelikde guramagynda etrabyň sport mekdebinde şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygyna bagyşlanan sport-sagaldyş çäresi geçirildi. Onuň çäginde sport mekdebine gatnaýan çagalaryň arasynda küşt ýaryşy guralyp, onuň esasy maksady ýaş nesliň sport ussatlygyny ýokarlandyrmakdan, akyl-paýhas oýny boýunça ökdeleri ýüze çykarmakdan we höweslendirmekden, şeýle-de baş baýramymyz bolan Garaşsyzlyk gününi dabaralandyrmakdan ybarat boldy.
Gyzykly duşuşyklara baý bolan ýaryş uly gyzyklanma eýe boldy. Onuň dowamynda ökdeler öňe saýlanyp, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandy. Ýaryşyň dowamy sport mekdebiniň ýaşajyk türgenleriniň görkezme çykyşlaryna utgaşdy. Munuň özi ýaş nesliň sagdyn durmuş ýörelgelerine berk eýerýändiklerini görkezdi.
Jeýhun SAPARGULYÝEW,
TMÝG-niň Ahal welaýatynyň
Ak bugdaý etrap Geňeşiniň başlygy.