HEREKETIŇ SAZLAŞYGY- AK ÝOLLARYŇ ÝARAŞYGY

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda durmuşa geçirilýän her bir özgertmelerde halkymyzyň, raýatlarymyzyň abadan durmuşda ýaşamaklaryna gönükdirlen bähbitler jemlenendir. Munuň şeýledigini bolsa her ýylyň sentýabr aýynda döwlet derejesinde geçirilýän «Ýol hereketiniň howpsuzlygy-ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk çäräniň mysalynda hem aýdyň görmek bolýar.

     Indi birnäçe ýyl bäri asylly däbe öwrülip, dowam edip gelýän «Ýol hereketiniň howpsuzlygy-ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk çäre «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzda hem giň gerimde dowam edýär. Bu çäräniň her ýylda geçirilmegi, sürüjileriň, pyýada ýolagçylaryň arasynda düşündiriş we öňüni alyş işlerini guramak biraýlygyň dowamynda geçirilýän çäreleriň özenini düzýär, dürli edara-kärhanalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýaşuly nesliň wekilleriniň, ýaşlaryň gatnaşmaklarynda guralýan, döwrebap obalarymyzyň, şäherçelerimiziň, şäherlerimiziň aýna ýaly tekiz hem ak ýollarynda özüňi alyp barmagyň medeniýetini wagyz edýän, ýol hereketine gatnaşýan her bir adamyň öz howpsuzlygyna bolan şahsy jogapkärçiligini artdyrýan çuň mazmunly çäreleriň ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almakda uly ähmiýete eýedigini aýratyn belläsimiz gelýär. Bu döwlet derejesinde geçirilýän giň gerimli çäräniň çäklerinde okuw jaýlarynda, edara-kärhanalarda wagyz-nesihat işleri hem yzygiderli alnyp barylýar. Şonuň ýaly çäreler Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrap Geňeşi tarapyndan ýörite meýilnama esasynda yzygiderlilikde guralýar. Geçirilýän çäreleriň ählisiniň aňyrsynda bolsa illerimiziň we ýollarymyzyň mydama asuda we abadan bolmagyny üpjün etmeklik ýaly beýik maksatlar jemlenendir

     Biraýlygyň adyndan belli bolşy ýaly, ýollardaky howpsuz hereket ömrümiziň rahatlygyny üpjün edýär. Şonuň üçin hem, ýol hereketiniň düzgünleri hemişe doly we dogry berjaý edilmelidir. Sürüjilerem, ýolagçylaram, pyýadalaram hereketiň howpsuzlygyny gazanmakda özlerine düşýän jogapkärçiligi bilmelidirler, ýollarda howpsuzlygy üpjün etmäge işjeň gatnaşmalydyrlar.

     Halkymyzyň eşretli, parahat, asuda  durmuşy barada uly aladalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak we il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri rowaç bolsun!

 

Gülşat GYLYJOWA,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Akdepe etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.

Meňzeş habarlar