BAŞ BAÝRAMA BAGYŞLANDY

     Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşi Daşoguzyň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebi bilen bilelikde, Daşoguz şäherindäki “Maral” toý mekanynda ýurdumyzyň Baş baýramy – Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli, “Garaşsyzlyk – bagtymyzyň gözbaşy” şygary astynda, aýdym-sazly baýramçylyk dabarasyny geçirdi. Oňa guramanyň welaýat, şäher, etrap Geňeşleriniň işgärleri we işjeň agzalary, welaýatyň edara-kärhanalarynda dürli kärlerde zähmet çekýän öňdebaryjy ýaşlar, medeniýet-sungat işgärleri hem-de talyplar gatnaşdylar. Ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen dabarada ýörite sungat mekdebiniň talyplarynyň ýerine ýetiren şirinden-şirin aýdym-sazlary çärä aýratyn öwüşgin çaýyp, oňa gatnaşanlarda unudulmajak täsirleri galdyrdy. Baýramçylyk dabarasyna gatnaşanlar halkymyza eşretli zamanany bagyş eden türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş we hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

 

Magsat OTUZOW,

TMÝG-niň Daşoguz welaýat Geňeşiniň başlygy,

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

Meňzeş habarlar

03 Dekabr 2024 | 3 okalan

GÜLLEÝÄR-GÜL AÇÝAR, BITARAP WATAN

03 Dekabr 2024 | 5 okalan

BITARAPLYK – KÖŇÜLLERIŇ SENASY

03 Dekabr 2024 | 3 okalan

KÖRPELERIŇ BAÝRAMÇYLYK ŞATLYGY