HÜNÄRLI NESIL – RÖWŞEN GELJEK

     Golaýda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň telewideniýa, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň bilelikde guramaklarynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde hereket edýän gyzlar gurnaklarynyň arasynda ösüp gelýän ýaş nesliň köp zähmeti we sabyrlylygy talap edýän el işlerini kämilleşdirmeklerine bagyşlanyp yglan edilen «Hünärli nesil-röwşen geljek» atly bäsleşik geçirildi. Gyzlarda zähmetsöýerligi, gyz edebini, ahlak gözelligini, türkmen gyzlaryna mahsus bolan asylly gylyk-häsiýetleri terbiýelemegi, ene-mamalarymyzdan miras galan däp-dessurlarymyza sarpa goýmagy, ösüp gelýän nesliň köp zähmeti we sabyrlylygy talap edýän el işlerine bolan ukybyny artdyrmagy maksat edinýär. Bäsleşige gatnaşan gyzlar ýurdumyzda hünär saýlap almagy, el işlerine ussat gyzlar bolup ýetişmekleri üçin döredilýän mümkinçilikler barada öz okaýan mekdebinde hereket edýän gyzlar gurnagynyň işiniň üsti bilen ýerine ýetirýän hünärini wasp etmek, Gahryman Arkadagymyzyň agtyjagynyň nusgalyk işlerinden görelde alyp keşde çekmek, köjüme köjemek, basma basmak, jorap örmek, haly önümlerini dokamak we ş.m. ýerine ýetirmekde hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Bereketli türkmen saçagy» atly kitaby boýunça milli däp-dessurlarymyza laýyklykda unaş kesmek we tagamyň taýýarlanyşy barada çeper sözleriň, aýdyşyklaryň, nakyllaryň üsti bilen beýan etmek boýunça bäsleşdiler. Bäsleşigiň netijesi boýunça I orna Görogly etrabynyň «Bägül» gyzlar gurnagynyň  topary, II orna Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň «Gülälek» gyzlar gurnagynyň topary, III orna Köneürgenç etrabynyň «Gunça» gyzlar gurnagynyň topary ýeňiji boldular. Bäsleşigiň ýeňijileri gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglandy.

 

Ýazjemal BAZAROWA,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher

Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

03 Dekabr 2024 | 3 okalan

GÜLLEÝÄR-GÜL AÇÝAR, BITARAP WATAN

03 Dekabr 2024 | 5 okalan

BITARAPLYK – KÖŇÜLLERIŇ SENASY

03 Dekabr 2024 | 3 okalan

KÖRPELERIŇ BAÝRAMÇYLYK ŞATLYGY