MEKDEP OKUWÇYLARYNYŇ BASKETBOL ÝARYŞY

     Golaýda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmak, köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek maksady bilen Daşoguz welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň, «Türkmenistan» ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň Daşoguz şäher bölüminiň, TMÝG-niň Daşoguz şäher Geňeşiniň, TDP-niň şäher komitetiniň bilelikde guramagynda Daşoguz şäherindäki orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda sportuň basketbol görnüşi boýunça şäher birinjiligini almak boýunça oglanlaryň hem-de gyzlaryň arasynda bäsleşik geçirildi. Geçirilen sport bäsleşigine oglanlar uly höwes bilen gatnaşyp netijede I orna 6-njy orta mekdebiň, II orna daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 1-nji orta mekdebiň, III orna iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 29-njy orta mekdebiň basketbolçy oglanlary mynasyp boldular. Bäsleşik gyzlaryň arasynda hem örän çekeleşikli bolup, onda I orna 6-njy orta mekdebiň, II orna iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 29-njy orta mekdebiň, III orna 16-njy orta mekdepleriň basketbolçy gyzlary mynasyp boldular. Bäsleşigiň ýeňijilerine hem-de oňa gatnaşyjylara TMÝG-niň Daşoguz şäher Geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary hem-de Hormat hatlary gowşuryldy.

 

Meýlis ATAÝEW,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher

Geňeşiniň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

26 Sentýabr 2024 | 48 okalan

HÜNÄRLI NESIL – RÖWŞEN GELJEK

26 Sentýabr 2024 | 33 okalan

MEKDEP OKUWÇYLARYNYŇ BASKETBOL ÝARYŞY

26 Sentýabr 2024 | 38 okalan

GARAŞSYZLYK – ALNYMYZYŇ AK BAGTY