Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher Geňeşi, Görogly etrap Geňeşi, Daşoguzyň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebi bilen bilelikde şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli «Garaşsyzlyk ganat bolup göterdi Arşy nazarlady ýollaryň Watan» atly aýdym-sazly baýramçylyk dabarasyny geçirdi. Welaýatymyzyň owadan künjekleriniň biri bolan «Bedew» toý mekanynda geçirilen aýdym-sazly baýramçylyk çäresinde Daşoguzyň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň talyplary hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan uly ösüşleri, dost-doganlygy wasp edýän aýdym-sazly çykyşlary uly ruhubelentlikde ýerine ýetirdiler. Çäräniň dowamynda asuda asmany, parahat zemini peşgeş beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.
Çynar MÄMEDOWA,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz
şäher Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.