Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşi etrabyň Medeniýet öýünde ene-mamalarymyzyň döreden milli gymmatlyklarymyzy, däp-dessurlarymyzy, el işlerimizi ýaşlaryň arasynda wagyz etmek maksady bilen «Gyz-gelinleriň ýaraşygy keteni» atly şygar astynda söhbetdeşlik gurady. Söhbetdeşligiň dowamynda çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gelin-gyzlarymyzyň gadymdan gelýän milli ýol-ýörelgelerimize laýyklykda baýlaşdyrýan däp-dessurlarynyň bu gün mynasyp dowam etdirilýändiginiň şaýady bolýarys diýip buýsanç bilen bellediler. Şeýle hem, türkmen ketenileriniň reňki, öwüşgini, hiliniň berkligi, boýaglarynyň tebigylygy barada gyzykly gürrüň etdiler. Mundan başga-da ene-mamalarymyzdan bize miras bolan gültahýalarymyzyň taryhy we ondaky sünnälenip keşdelenýän nagyşlar hakynda giňişleýin durup geçdiler.
Söhbetdeşligiň dowamynda Görogly etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň bagşy mugallymy Soltanbagt Rejepowa öz gezeginde sere zynat berýän gültahýalarymyz, syna ýaraşyk berýän al-elwan ketenilerimizi wasp edip birnäçe halk aýdymlaryny, türkmen halk dessanlaryndan parçalary ýerine ýetirdi. Bu bolsa söhbetdeşlige gatnaşýan gelin-gyzlarymyza ruhy lezzet paýlady.
Söhbetdeşligiň ahyrynda ösüp gelýän ýaş nesle türkmen milli gymmatlyklarynyň taryhy şöhratyny öwrenmekde döredip berýän mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.
Altyn ATAKOWA,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň
Görogly etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.