Arkadag şäheriniň adybir futbol toparynyň Türkmenistanyň çempionatynyň 25-nji tapgyrynda myhmançylykda Mary şäheriniň «Merwinden» 8:1 hasabynda üstün çykypdy. Bu uly hasaply ýeňişden soň, topar Ýokary liganyň şu möwsüminde geçiren gollarynyň sanyny 144-e çykardy. Bu bolsa ýurdumyzyň çempionynyň türkmen futbolynyň taryhyna täze bir gadam bilen girendigini görkezýär.
Möwsümdäki netijesi bilen (geçiren gollarynyň sany bilen) «Arkadag» futbol topary milli çempionatymyzyň taryhynda bir möwsümde iň kän gol geçiren toparlaryň ilkinji üçlügine girdi. Topar 25-nji tapgyrda üçünji ornuň ozalky eýesi bolan Aşgabadyň «Altyn asyr» toparyny (108 gol) yzda galdyrdy. Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ýazguly Hojageldiýewiň şägirtleri 2016-njy ýylda Ýokary liganyň bir möwsüminde 108 gol geçiripdiler.
turkmenmetbugat.gov.tm
02.10.2024ý.