TENNIS BOÝUNÇA TÜRKMENISTANYŇ KUBOGY GEÇIRILDI

     Türkmenistanyň öňki bäş gezek çempiony Ýuriý Rogusskiý ýene ýurduň ilkinji raketkasy diýen ada eýe boldy. Ol ýurt Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli erkekleriň arasynda geçirilen ýaryşda Türkmenistanyň Kubogyny eýeläp, şeýle üstünlik gazandy.

     Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň we tennis federasiýasynyň guran bu ýaryşa gatnaşmak üçin köpugurly «Aşgabat» stadionyň meýdançalaryna 113 türgen ýygnandy.

     Ýekelikde, bilelikde we oglan-gyz bilelikde oýnan baýraklar ugrunda ýaryşda Aşgabatdan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlaryndan 59 oglan we 54 gyz bäsleşdi.

     Erkekleriň arasynda geçirilen bäsleşikde ýurduň iň güýçli iki tennisçisiniň – Türkmenistanyň iki gezek çempiony Meýlis Orazmuhammedowyň we Türkmenistanyň Kubogynyň eýesi Ýuriý Rogusskiniň duşuşan final bäsleşigi uly gyzyklanma döretdi. Soňky iki ýylda Türkmenistanyň birinji raketkasy diýen at üçin olar çekeleşikli göreşýärler.

 

sportcom.gov.tm

02.10.2024ý.