UÇÝAN TEHNOLOGIÝALARYŇ ŞÄHERI

«Akylly şäher: dünýä tejribesi we nukdaýnazar» rubrikasy

     Ýolda barýarkaňyz, haýsydyr bir çyranyň döwülendigini görseňiz, tizden el telefonyňyzda degişli gulluklaryň programmasyna bolýan wakany ýazgy ýa-da surat arkaly ugradyp bilersiňiz. Habar kabul edilen badyna nobatçy gözegçiler çyrany çalyşýarlar. Uzak wagt geçmezden düzedilmegi akylly şäherlerdäki akylly tehnologiýalaryň hyzmatynyň tizliginiň ýokarydygyny görkezýär. Tebigata zyýan ýetýän pursatlaryň şaýady bolduňyz. Siziň habaryňyz kabul edilende maglumatyňyzyň dogrulygy ýa-da ýalandygyny anyklamak üçin degişli gulluklar görkezilen salgy boýunça uçýan kameraly tehnologiýalary goýberýärler. Maglumat doly takyk bolandan soň, sähel wagtyň içinde degişli çäre görmek üçin ýörite tehnologiýalaryň ýardamy bilen ýetirilen zyýany düzedýärler. Şeýle ýagdaýa ýol beren şahslaryň salgylary anyklanyp, jerime kagyzlary şol salgydaky adamyň öýüniň onlaýn saýtyna iberilýär. Onlaýn saýtyny her mahal barlap durýan öýüň eýesi habary kabul edýär we onlaýn görnüşde jerimesini töleg edýär. Aslynda şu işleri ýerine ýetirmek üçin degişli gulluklaryň wekilleri salgyny gözläp, uzak ýol sökmeli bolýardy. Töleg etmek üçin hem wagt gerekdi. Akylly şäherlerde welin, onlaýn görnüşde gysga wagtda ýerine ýetirilýär. Uçýan kameraly enjamlar bolsa, akylly şäheriň çäginde mydama hereketde her bir minudy sypdyrmazdan ýüklenilen buýruklar boýunça gözegçiligi amala aşyrýarlar. Şeýle  mümkinçilikleriň ählisi bu gezekki gürrüň bermekçi bolýan dünýäniň akylly şäheri bolan Ženewada bar. Onda näme syýahata başlalyň.

     Ženewada saglygy goraýyş ulgamyna aýratyn üns berilýär we bu ýerde hyzmatlaryň ýokary hilli onlaýn amala aşyrylmagy üçin yzygiderli gözegçilik alnyp barylýar. Ýaşamak üçin şertleriň gymmatdygyna garamazdan, bu ýerde onlaýn iş tapmak mümkinçilikleri we bilim bermegiň sanly ulgamy anyk maksatnamalar esasynda hereket edýär.

     Sürüjileriň awtoulaglaryny awtoduralgada goýmak üçin öňünden onlaýn ýer almak hyzmatlarynyň bardygyna garamazdan, mümkinçilikleriň entek has giň gerimli däldigi dolandyryjylar tarapyndan çözgüt tapmagy talap edýän meseleleriň biri bolmagynda galýar. Sürüjä ulagyny goýmak üçin öňünden awtoduralgany saýlamak we onlaýn ýer sargyt etmek, sargyt edilýän ýer bilen onlaýn tanyş bolmak, ulagynyň howpsuzlygyny kepillendirýän talaplary bilen tanyş bolmak  zerur bolup durýar. Bu babatda şertleriň bardygyna garamazdan, mümkinçilikleriň entek doly däldigi sebäpli, bu ugurda hyzmatlaryň has amatly we ýokary hilli ýerine ýetirilmegi üçin hereket edýän maksatnamalary has-da kämilleşdirmegi talap edýär.  Dolandyryjylar 2030-nji ýyla çenli bu babatda has oňaýly şertleri göz öňüne tutýan Akylly awtoduralga, Awtoulag alyş-çalyş hyzmatlary (awtoulag paýlaşmak) ýaly täze maksatnamalaryň üstünde işleýär.

     Şeýle hem, Ženewada pyýadalar üçin oňaýly şertler döredilýär. Ýörite enjamlaryň kömegi bilen, şäheriň köçelerindäki pyýadalaryň hereketi, dyknyşyklaryň döremek ähtimallyklary baradaky her bir maglumat serwere sekuntda täzelenip ugradylýar.

     Ženewada uçýan tehnologiýalaryň hyzmatyndan giňden peýdalanylýar we olar şäheriň künjeginden gözegçilik alyp barýarlar. Şweýsariýa ilkibada bu tejribäni Sýurih şäherinde ornaşdyrdy. Soňlugy bilen Ženewada has kämilleşen görnüşinde giň gerimli ornaşdyrdy. Bu bolsa, işleriň tiz ýerine ýetirilmegine mümkinçilik berýär.

     Ženewa özüniň gözelligi we akylly dolandyrylyş ulgamy bilen dünýä jahankeşdeleriniň ünsüni özüne çekýär. Bu ajaýyp şäherde köp sanly halkara guramalaryň edara merkezleriniň ýerleşýändiginden ugur alsak, ençeme halkara çäreler yzygiderli geçirilýär. Bu bolsa, akylly şäher bilen ýakyndan tanyş bolmak mümkinçiliginiň dünýä jemgyýetçiligine elýeterli bolmagyny üpjün edýär.

 

Taýýarlan: Gurbanmyrat GURBANOW,

žurnalist, ýaş alym bäsleşiginiň ýeňijisi,

TMÝG-niň işjeň agzasy.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 629 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4818 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY