«Akylly şäher: dünýä tejribesi we nukdaýnazar» rubrikasy
Kopengagen ýaly şäheriň akylly şäherdigi geň däldir. Daniýanyň halkynyň özüni dünýädäki iň bagtly adamlardygy baradaky ynançlary hakynda biz häli-şindi internet maglumatlary arkaly eşidýäris. Şeýle adamlar ýurduň paýtagtynda hasam artýar.
Akylly yşyklandyryş, akylly ýolyşyk, galyndylary akylly tehnologiýalar esasynda dolandyrmak we akylly binany dolandyrmak ýaly sanly taslamalary durmuşa geçirmegi öňe sürýän we eýýämden Kopangagende şeýle çözgütleri ýola goýan şäher akylly şäherleriň sanawynda öňdeligi saklap gelýär.
Şäherde maglumat alyş-çalşygy hem işjeň alnyp barylýar. Onuň maksady, islendik adama, bir kompaniýa ýa-da döwlet edarasyna – ilatyň statistikasy ýa-da howanyň ýagdaýy ýaly maglumatlary öwrenmäge, sarp etmäge ýa-da neşir etmäge rugsat bermegi, şeýle maglumatlaryň bolsa ýaşaýjylar üçin örän elýeterli we ujypsyzja bolmagyny ugur edinýär. Bu bolsa şäheriň işjeň ösüşine şert döredýär. Mysal üçin, ilatyň demografik ösüşi baradaky maglumatlar, harydyň satyn alyş bahalary, islendik adam üçin öz telekeçilik işini amala aşyrmak üçin iň amatly ýerleri gözlemek, saýlamak baradaky maglumatlar esasy orunda durýar.
Kopangagende BMG-niň 2030-njy ýyla çenli Durnukly Ösüş Maksatlaryna ýetmek üçin giň gerimli meýilnamalary durmuşa geçirilýär. Meýilnamada saglygy we abadançylygy, bilimi, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerine geçmegi, arassa agyz suwuna elýeterliligi we ony gorap saklamagy maksat edinýän taslamalaryň köp sanlysy işjeň amala aşyrylýar.
Adamyň amatlylygyna gönükdirilen pikirleniş usuly bu ýurtda has ir döwürden ösüpdi. 1754-nji ýylda Daniýa şasy Frederik V arhitekturany tehniki çözgütler däl-de, eýsem köp adamyň durmuşyny gowulandyrjak sungat hökmünde garamalydygy baradaky pikirleri taryhçylaryň köpsanly maglumatlarynda aýratyn bellenilýär.
Kopangagende bu günki günde ýaşyl tehnologiýalara esaslanan akylly klaster önümçiliklerine hem aýratyn ähmiýet berilýär. Şeýle taslamalar köp sanly binagärlik gurluşygynda döräp biljek meseleleriň öňüni almaga ýardam berýär. Hususan-da, klaster tasmalarynda binalarda suwuň derejesine gözegçilik etmek, şeýle-de, lagym arassalaýjy desgalaryň akylly tehnologiýalar esasynda işlemegini üpjün etmek, energiýanyň sarp edilişi baradaky maglumatlaryň ýokary hilli jemlenmegini we gözegçilik edilmegini gazanmak, zibil galyndylarynyň mukdaryny kesgitlemekde we arassalamakda ýokary tehnologiýalaryň mümkinçiliklerine garamak ýaly şertler göz öňünde tutulýar. Häzirkizaman ýaşaýyş jaý taslamalarynyň ýene bir möhüm ugry daşky gurşawyň arassaçylygydyr. Bu diňe bir serişdeleri tygşytlamak bilen çäklenmän, eýsem jemgyýetçilik durnuklylygyny döredýär. Şunlukda, bu ýerde Daniýa halky iň amatly, elýeterli we has-da bagtly adamlaryň köpelýän şäherini görmek isleýär.
Bilermenleriň pikrine görä, “Akylly” şäher ady akylly tehnologiýalar bilen gurnalan desgalaryň keşbini aňlatmaýar. Şol binalaryň daşky keşbi ýa-da olaryň geň galdyryjylykly şekiller esasynda gurulmagy onuň akyllylygyny görkezmeýär. Olaryň akyllylygy haçan-da, owadan keşpli binalarda içerki hyzmatlaryň hiliniň ýokary derejede bolmagynda we iň esasysy bolsa, şol hyzmatlaryň ýerine ýetirilişiniň wagt ölçeginiň tizliginde görünýär.
Taýýarlan: Altyn HOJAMOWA,
TOHI-niň talyby,
TMÝG-niň işjeň agzasy.