HAZAR DIPLOMATIÝASYNYŇ TÜRKMEN NUSGASY

     Aýdyň maksatlar rowaçlyk getirýär. Abadan we parahat durmuşa gönükdirilen rowaçlyk bolsa, okgunly ösüşe itergi bolup durýar. Parahatçylygyň, hoşniýetliligiň we abadançylygyň deňzi hökmünde garalýan Hazaryň sebitiň durnukly ykdysady ösüşini üpjün etmekdäki oňyn täsiri sebitde syýasy-ykdysady durnuklylygy saklamaga, onuň işjeň ösüşinde umumy bähbitlere laýyk gelýän hoşniýetli goňşuçylygy we hyzmatdaşlygy berkitmäge ýardam berýär. Parahatçylygyň, hoşniýetliligiň we dostlugyň deňzi bolan Hazaryň hukuk binýadyny döretmek bilen bagly gyzyklanmalaryň artmagy bilen, bu sebit hyzmatdaşlyk etmek üçin amatly merkeze öwrülýär. Hazar deňzinde hyzmatdaşlygy berkitmek, şu esasda öňde durýan möhüm meseleleriň sazlaşykly çözgüdini gözläp tapmak we bu ugurda umumy bähbitlere doly laýyk gelýän resminamalary işläp taýýarlamak boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Şunlukda, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleri esasynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürilýär.

     Hazar deňziniň türkmen böleginde kemala gelýän, halkara deňiz şypahana ulgamynyň aýrylmaz bölegine öwrülip, syýahatçylygyň okgunly ösýän merkezi bolup durýan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň ösüşi ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşinde möhüm orun eýeleýär. Şypahana merjeni we syýahatçylygyň nusgalyk şäheri bolup durýan Awaza hoşniýetliligiň, asudalygyň we abadançylygyň merkezidir. Awaza ynsanlaryň kalbyndan orun alan hoşmeýilli islegleriň ýokary göterilişini we belent joşgunda dabaralanyşyny emele getirip, ruhy galkynyşy döredýär. Parahatçylygy, ösüşi we dostlugy beýan edýän mukamlar belentden ýaňlanýar. Hazar deňziniň tolkunlary bolsa, asuda asmanyň astynda bu ýerde ýaňlanjak şirin owazly aýdym-sazlar bilen sazlaşyp, göwünlerini galkyndyrýar. Döredijilik forumlarynyň, sergileriň we festiwallaryň künjegi hökmünde tanalýan Awaza bu günki ençeme jahankeşdeleriň ýoly düşýär.

     Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Bitarap Türkmenistan daşary syýasy strategiýanyň ösüşine kuwwatly itergi berýän birek-birege ynanmak we özara düşünişmek ýörelgelerine eýermek bilen, syýasy giňişlikde oňyn we netijeli gepleşikleri alyp barýar. Bu gepleşikler ýurtlaryň we halklaryň bähbitlerine doly laýyk gelýär. Bitarap Türkmenistanyň bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy garaýyşlary özüniň ähmiýeti boýunça we umumy bähbitleri ugur edinýändigi üçin dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma bildirilýär. Bu Hazar strategiýasy babatynda hem şeýledir.

     Taryha nazar salsak, Türkmenistanyň Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň I duşuşygyny geçirmek baradaky başlangyjynyň goldanylmagy, parahatsöýüjilikli daşary syýasatyň dünýä giňişliginde ykrar edilýändigini aýdyň  alamatlandyryldy. Bu duşuşyk 2002-nji ýylyň 23 – 24-nji aprelinde Aşgabatda geçirildi. Taryhy waka hökmünde möhürlenen bu duşuşyk netijeli häsiýete eýe bolup, gepleşikleriň kabul ederlikli çözgütlerini taýýarlamakda möhüm ähmiýetli boldy. Munuň özi, täze bir tapgyryň başlanýandygyny görkezýän anyk we netijeli ädimdi. Çünki şol duşuşykda Hazar deňziniň hukuk derejesi we onuň geljekki ykbaly boýunça garaýyşlara giň orun berildi. 2007-nji ýylyň oktýabrynda Tähranda gepleşikleriň logiki dowamyna öwrülen Hazarýaka ýurtlaryň Baştutanlarynyň II duşuşygy geçirildi. Onuň jemleri boýunça kabul edilen bilelikdäki Jarnama wajyp meseleleriň adalatly we oýlanyşykly çözgütlerini tapmaga, onuň barşynda umumy tagallalary birikdirmek arkaly bähbitlere we halkara hukuk kadalaryna laýyk gelýän sazlaşykly çözgütleri öňe sürmäge kuwwatly itergi boldy. Tähran duşuşygynyň barşynda Hazarda kenarýaka 5 ýurduň özara gatnaşyklarynda ygtybarly hukuk guralyna öwrüljek resminamany taýýarlamagy çaltlandyrmak we onuň gutarnykly görnüşini ylalaşmak boýunça alnyp barylýan işleriň depginini güýçlendirmek meselesine gyzyklanmanyň artandygy bellenildi. Munuň üçin bolsa, syýasy-diplomatik gepleşikleriň ähmiýetine aýratyn orun degişli boldy. Ýagny, Gahryman Arkadagymyz çuň manyly çykyşynda özara ylalaşygy gazanmakda çeýeligi görkezmegiň wajypdygyny nygtap, gepleşikleriň many-mazmunyny baýlaşdyrmak maksady bilen, bilelikdäki duşuşyklary yzygiderli geçirmek teklibini öňe sürdi. Bu bolsa, Hazary dostluk we ylalaşyklylyk deňzine öwürmek boýunça Türkmenistanyň netijeli ädimleri we strategiki garaýyşlaryny  işjeňleşdirmäge ýardam edip, tagallalaryň birikdirilmegi we bir maksada - abadançylyga we durnukly ösüşe gönükdirilen meýilleri durmuşa geçirmekde oňa dahylly 5 ýurduň hem bilelikde netijeli iş alyp barmagyny şertlendirer. Hut şu jähtden, soňky ýyllarda öňegidişlik gazanyldy. Aşgabatda Hazarýaka döwletleriň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýanyň taslamasyny işläp taýýarlamak baradaky Ýörite iş toparynyň mejlisleriniň köpsanlysynyň geçirilendiginiň özi hem, munuň aýdyň subutnamasydyr. Hazarýaka ýurtlaryň Baştutanlarynyň 2010-njy ýylyň noýabrynda Baku şäherinde geçirilen III duşuşygy hem nobatdaky taryhy waka boldy. Gahryman Arkadagymyz ol ýerde möhüm halkara ylalaşyklaryny, hususan-da, Hazar deňziniň suwunyň biologiki serişdelerini gorap saklamak we rejeli peýdalanmak hakyndaky Ylalaşygy hem-de Hazar deňzinde adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we aradan aýyrmak babatda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşygy baglaşmak baradaky başlangyçlar bilen çykyş etdi. Şonuň yzysüre, has takygy, 2011-nji ýylda türkmen tarapy şu ylalaşyklaryň taslamalaryny işläp taýýarlamaga girişdi. Türkmenistan Hazar deňziniň gidrometeorologiýasy we hapalanmagyna gözegçilik etmek boýunça Utgaşdyryjy komitetiniň (KASPKOM) işine hem aýratyn ähmiýet berýär. Bu dahylly edara başlyklyk edýän Türkmenistanyň ýolbaşçylygynda Hazar deňziniň gidrometeorologiýa ulgamynda Hazarýaka döwletleriniň arasynda hyzmatdaşlyk hakyndaky Ylalaşygyň taslamasynyň hem ylalaşylandygyny aýratyn bellemelidiris. Astrahan duşuşygynda bolsa, ýokarda getirilen ylalaşyklaryň taslamalary tassyklanyldy.

     Şunlukda, Hazar deňzi sebitde kenarýaka döwletleriň özara syýasy-ykdysady erk-isleglerinden ugur alyp, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň merkezine öwrüldi. Munuň özi, amatly geografik çäkleri we uglewodorod serişdeleri bolan Hazar sebitiniň geljekki ykbaly üçin oňyn we netijeli badalga boldy. Hazar deňizinde hyzmatdaşlygy berkitmek, şu esasda öňde durýan möhüm meseleleriň sazlaşykly çözgüdini gözläp tapmak we bu ugurda umumy bähbitlere laýyk gelýän resminamalary işläp taýýarlamak boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Şunlukda, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleri esasynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürilýär.

 

Gurbanmyrat GURBANOW,

žurnalist, ýaş alymlar bäsleşiginiň ýeňijisi,

TMÝG-niň işjeň agzasy.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 629 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4818 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY