1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşy dünýäniň ençeme halklary bilen birlikde, türkmen halkynyň taryhynda-da ýatdan çykmajak yzlary goýdy, şöhratly sahypalary ýazdy. Elbetde, uruş uruş bolýar. Ol pidasyz bolmaýar. Ýöne türkmen halkyna şeýle çökder düşen başga uruş bolupmydy diýseň, goja taryh dymsa gerek. Parahatçylygyň höküm sürýän döwründe üstünden 79 ýyl geçse-de, gahrymançylyklardan doly şol ýyllar urşa gatnaşan ildeşlerimiziň görkezen edermenlikleri baradaky ýazgylara ser salanyňda, olaryň ýürekleriniň eziz Watana, il-ulsa bolan söýgüden, ýeňşe bolan ynamdan, taryhda öçmejek yz goýup giden pederlerimiziň mukaddes türkmen topragynyň mynasyp ogullary bolmak hyjuwyndan doly bolandygyna göz ýetirmek kyn däl.
Uruş hakynda gürrüň gozgalanda, ilki bilen, alym Arkadagymyzyň: “Milletimiz il-halkyna halal, ynsaply ýaşamagyň nusgalyk ýoluny miras galdyran gahrymanlaryna guwanýar, olar hakyndaky rowaýatlardan durmuşyň ýazylmadyk kanunlarynyň sütünlerini goýýar. Olar tutuş adamzadyň, şol sanda türkmen il-ulsunyň buýsanjydyr” diýen çuňňur mana ýugrulan parasatly sözleri oýuňa gelýär. Diýmek, biz urşuň çekdiren hasratlaryny, Watan üçin baş goýan gahryman ildeşlerimizi hiç haçan unutmaly däldiris.
Uruşda görkezen gahrymançylygy üçin türkmenistanlylaryň ençemesi SSSR-iň orden-medallary bilen sylaglandy, onlarçasy bolsa Sowet Soýuzynyň Gahrymany diýen belent ada mynasyp boldy, Olardan Gurban Durdynyň, Aga Berdiýewiň, Aýdogdy Tahyrowyň, Geldi Gurbanmyradyň, Allaberdi Agalyýewiň, Gylyçnyýaz Azalowyň, Oraz Annaýewiň, Annagylyç Ataýewiň, Muhammet Ataýewiň, Tagan Baýramdurdyýewiň, Mülki Baýramowyň, Muhammet Gylyjowyň, Berdimyrat Döwletjanowyň, Täçmämmet Nyýazmämmedowyň, Rejep Durdyýewiň, Pena Rejebowyň, Orazberdi Hekimowyň, Saparmät Hojaýewiň we beýlekileriň atlary türkmen halkynyň gahrymançylykly taryhyna ebedilik ýazyldy. Olaryň geçen ýoly watansöýüjiligiň, merdi-merdanalygyň beýik nusgasyna öwrüldi. Olaryň görkezen edermenligi häzirki we geljekki nesil üçin uly görelde mekdebidir.
Hawa, urşa gatnaşan her gerçegiň ykbaly – taryhyň bir sahypasy. Ýeňşiň gazanylanyna 79 ýyl dolanam bolsa, ol sahypalar beýan edip gutarardan juda köp. Ol sahypalar näçe uzaldygyça, bir hakykat has aýdyňlaşýar: Ýeňşiň bahasy ýok.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe parahatçylyk döredijilikli, ylalaşdyryjy syýasaty bilen, pederlerimiziň deňsiz-taýsyz edermenlikleriniň şanyna öçmejek ýadygärlik dikeldýän hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, belent başynyň aman bolmagyny, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işleriniň üstünliklere beslenmegini arzuw edýäris!
Gurban MYRADOW,
“Arkadagly Ýaşlar” žurnalynyň jogapkär kätibi.