MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ DÖREDIJILIGINDEN YLHAM ALAN ÝAŞLAR

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda türkmen sungaty, medeniýeti, taryhy ösüşiň täze basgançaklaryna göterildi. Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň dünýä dolan şöhratyny has-da beýgeltmek we ony giňden wagyz etmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça ýurdumyzda giň gerimli işler alnyp barylýar.

     Türkmen halkynyň beýik şahyry Magtymguly Pyragy türkmen klassyky edebiýatynyň kämilleşmegine örän uly goşant goşan, türkmen edebi dilini ösdürmekde uly işler bitiren şahsyýetdir. Watanyny, öz il-gününi söýmek bilen çäklenmän, ýurduň özbaşdaklygyny saklamak ugrundaky watançylyk pikirlerini öňe süren şygyrlary ýaş nesilleri terbiýelemekde ýokary ähmiýetli gymmaty bardyr.

     Häzirki döwürde Magtymguly atamyzyň halk arasyndaky saklanyp galan, dürli döwürlerdäki eserlerini, taryhy keşbini şekillendiriş sungatynyň üsti bilen beýan etmek, ýaşlarda Pyragynyň döredijiligine bolan söýgini terbiýelemek, zehinli, bilimli, watansöýüji ýaşlary kemala getirmek esasy maksatlaryň biridir.

     Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasy ähli ynsanlaryň köňlünde uly orun eýeleýär. Şahyryň eserleri ýyllar, asyrlar geçse-de, özüniň gymmatyny ýitirmeýär. Akyldaryň şygyrlarynda öňe sürülýän pikirler umumadamzat gymmatlyklarynyň derejesinde durýar. Çünki akyldar şahyryň döredijiliginiň mazmuny belent adamkärçilik, ahlaklylyk, ynsanperwerlik ýörelgelerine ýugrulandyr.

     Akyldar şahyryň goşgularynda watansöýüjiligiň belent waspynyň bardygy bolsa onuň gymmatly mirasynyň has-da ýokarydygyny beýan edýär. Dana Pyragynyň edebi mirasy Watana, ýurdumyzyň abadan, parahat durmuşyna, keremli topragyna bolan beýik söýgä eýlenendir.

     Dünýä sungatynda bolşy ýaly, türkmen şekillendiriş sungatynyň ähli görnüşinde hem ýazyjy şahyrlaryň, saz ussatlarynyň, medeniýet we döredijilik wekilleriniň keşplerini müdimileşdirmek uly orna eýe bolýar.

     Esasanda türkmen şekillendiriş sungatynyň taryhynda nusgawy şahyrlaryň kanoniki portretleriniň gyzykly döreýiş wakalary bar. Olar belli bir ähmiýetde ýazylypdyr. Şolaryň arasynda Magtymguly Pyragynyň ilkinji kanoniki portredini döreden ussat suratkeş Aýhan Hajyýewdir. Aýhan Hajyýew 1924-nji ýylda gözel manzaraly Bagyr obasynda dünýä inip, çagalykdan surat çekmeklige uly höwes döreýär. Aýhan internatdan soň çeperçilik tehnikumyna okuwa girýär, ony tamamlandan soň bolsa, Magtymguly adyndaky Opera we balet teatrynda suratkeş işe başlaýar.

     1947-nji ýylda suratkeşiň durmuşynda möhüm waka bolup geçýär. Aşgabatda Magtymgulynyň portretini döretmek babatynda döredijilik bäsleşigi yglan edilýär. Oňa gatnaşanlaryň biri-de beýik türkmen şahyrynyň keşbini ak parçanyň ýüzüne düşürmegi köpden bäri arzuw edip gelýän Surikow institutynyň üçünji ýyl talyby A.Hajyýewdi. Aýhan işe girişmezinden owal, şahyryň dogduk obasyna baryp görýär we bu iş üçin şahyryň tiredeşleri bilen köp gatnaşykda bolýar. Suratkeş şahyryň daş keşbine, gylyk-häsiýetine, endiklerine, iň bolmanda dilden subutnamanyň bardygyny ýa-da ýokdugyny anyklamak üçin, köp wagt sarp edýär. Ýazyjylar Berdi Kerbabaýew, Beki Seýtäkow, Mäti Kösäýew dagy-da suratkeşe şahyryň keşbi barada köp maslahat berýärler.

     Suratkeşiň hysyrdyly çeken azabyndan soň şahyryň ajaýyp portret eseri döreýär. Geçirilen bäsleşikde bu eser birinji orny eýeleýär. Ýöne suratkeşe minnetdarlyk bildirmek üçin ýörite gelen şahyryň garyndaşlary tarapyndan suratyň kabul edilmegi Aýhan Hajyýew üçin has ähmiýetli waka bolýar.

     Şondan soň Pyragynyň bu kononiki keşbi ähli suratkeşlere ylham çeşmesi bolup, olara Pyraga bagyşlap döreden taslamalarynda hut şu portretden täsirlenýärler.

     Beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň çeper  keşbini sungatyň ähli ugurlarynda waspyny ýetirmekde halypa suratkeşleriň hem-de zehinli ýaşlarynyň tutýan orny örän ulydyr. Magtymgulynyň keşbinde Gündogaryň tanymal edebiýatçylarynyň hatarynda tanalýan, halkyň arzuw-hyýallaryny ýaýan ynsanperwer dana şahyryň şöhraty dünýä ýüzüne ýaýmaga mynasypdyr. Şeýle-de Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlan  sungatyň dürli görnüşlerinde ýerine ýetirilen döredijilikli eserleriniň sergileri yzygiderli geçirilýär.

     Häzirki döwrümiziň sungatyny ösdürmekde we ony kämil düşünjeler döwrebap täzeçillikler bilen baýlaşdyrmakda Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň tutýan ähmiýeti uludyr. Şekillendiriş sungat eserlerinde meşhur şahsyýetimiz bolan türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň keşbi giňişleýin we çuňňur wasp edilýär. Türkmenistanyň şekillendiriş sungatynyň dürli ugurlarynda Magtymgulyny wasp etmekde halypalar we olaryň şägirtleri hem nakgaşçylyk, heýkeltaraşlyk, binagärlik we amaly-haşam sungatynda ululy-kiçili eserleri döretdiler. Döredilen eserleriň her biri özüniň özboluşlylygy, çeper aýratynlygy we many-mazmuny bilen biri-birinden tapawutlanýar. Onuň gymmatyny halkymyza äşgär etmekde şekillendiriş sungat ussatlarynyň hem mynasyp orny bardyr.

 

Mahym MERETLIÝEWA,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik

akademiýasynyň 4-nji ýyl talyby.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 629 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4818 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY