Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda dünýä döwletleri bilen halkara gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän beýik işler uly ruhybelentlige beslenýär. 2024-nji “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda kämil, aň-düşünjeli nesli ýetişdirmek jemgyýetiň ösüşine goşant goşýan hem-de oňa düşünýän ussat hünärmenleri taýýarlamak ugrunda durmuşa geçirilýän anyk işleri bizi diýseň buýsandyrýar.
Häzirki güne çenli Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda dünýäniň ösen döwletleriniň birnäçesi bilen halkara maslahatlary, hünär aýratynlyklary boýunça onlaýn sapaklary, ussatlyk okuw sapaklary hem-de döredijilik duşuşyklarynyň birnäçesi geçirildi. Şolaryň biri-de Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň ilçihanasynyň ikitaraplaýyn maksatnamanyň çäginde “Meridian” halkara merkezi türkmen we ABŞ-nyň suratkeşleriniň arasynda okuw tejribelik hem-de ösüş ugurlaryny kämilleşdirmek meseleleri boýunça yzygiderli hyzmatdaşlygy amala aşyrdy.
Hemmämize mälim bolşy ýaly ABŞ-Türkmenistan: Suratkeşler alyş-çalyş maksatnamasynyň meýilnamasy esasynda 2023-nji ýylyň 12-20-nji iýuny aralygynda ABŞ-ly suratkeş hanym Eými Eriksonyň Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasyna tanyşlyk sapary boldy. Soňra paýtagtymyzyň “Atamyrat”, “Ylham” seýilgähinde we “Aşgabat” şäherinde açyk howada okuw seminary geçirildi. Hanym Eými Erikson özüniň toplan tejribesini akademiýanyň mugallymlary hem-de talyplary bilen paýlaşdy.
2023-nji ýylyň 26-njy sentýabry hem-de 6-njy oktýabry aralygynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň “Nakgaşçylyk” kafedrasynyň mugallymy Zakirjan Babaýew hem-de zehinli talybymyz Durdymuhammet Pirowow ABŞ-nyň Waşington we Nýu-Meksiko ştatynyň Santa-Fe şäherlerinde gurnalan ýaş suratkeşler üçin tejribelik saparynda boldular. 2023-nji ýylyň 8-nji noýabrynda ABŞ-nyň “Meridian” halkara merkezi bilen bilelikde türkmen suratkeşleriniň ABŞ-nyň Waşington we Albukerke şäherlerinde gurnalan saparynyň netijelerine bagyşlanyp onlaýn duşuşygy geçirildi.
Bu gün bolsa ABŞ-Türkmenistan: Suratkeşler üçin alyş-çalyş maksatnamasyna işjeň gatnaşan türkmen suratkeşleriniň ýerine ýetiren döredijilik eserleriniň sergisi Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda dabaraly ýagdaýda açylyşy boldy. Meýilnama esasynda iki tapgyrda alnyp barylan okuw tejribelikde ýerine ýetirilen eserler görkezildi. Mugallym Zakirjan Babaýewiň hem-de zehinli talybymyz Durdymuhammet Pirowowyň “Atamyrat”, “Ylham” seýilgähinde we “Aşgabat” şäherinde açyk howada ýerine ýetirilen “Aýzadanyň portreti”, “Talyp gyzyň portreti” we birnäçe gözel tebigatymyzy wasp edýän gysga pursatlyk (etýudlary) diýseň täsirligi bilen tapawutlanýar. Ondan başga-da ABŞ-nyň Waşington we Nýu-Meksiko ştatynyň Santa-Fe şäherlerinde gurnalan ýaş suratkeşler üçin tejribelik saparyndaky ýazylan nakgaşlyk eserleri tomaşaçylarda uly gyzyklanma döretdi. Ýaş suratkeşlerimiziň ABŞ-nyň Waşington şäheriniň çeperçilik keşp taýdan uly mana eýe bolan birnäçe binagärlik desgalarynyň we taryhynyň çuň köklerini özünde jemleýän binagärlik ýadygärlikleriniň şekilleri hem-de özboluşly gözel tebigaty bu serginiň gymmatyny artdyrdy.
Türkmenistan Watanymyz dünýäde parahatçylygyň, dostlugyň hem-de ynsanperwerligiň mekany hökmünde tanalýar. Dünýäniň köp ýurtlary bilen medeniýet we sungat ulgamyndaky gatnaşyklar netijeli ösdürilýär. Halkara hyzmatdaşlyk döredijilik işgärleriniň ussatlygyny kämilleşdirmekde, tejribe alyşmakda täze mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp-köp sagbolsun aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan döwlet ähmiýetli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Bilbil ÇARYÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik
akademiýasynyň “Ylym” bölüminiň başlygy.