Söýgi – bu täsin duýgy. Şahyrdyr ýazyjylar tarapyndan bu barada asyrlarboýy dürli-dürli kämil eserler döredilenem bolsa, bu tema häli-häzirlerem aktuallygyny ýitirenok. Adamzat döräli bäri bu duýgy ynsanlara käte ganat bagladyp arzuwlaryň älemine uçmaga, käte bolsa durmuşyň çarkandakly ýollaryndan geçmäge mejbur edýär. Ýöne bir hakykat aýan. Ol her bir ynsana howa ýaly zerur. Onuň aslynda nämedigine gysgaça kesgitleme beräýmek hem aňsat däl. Şahyr zenan Şähribossan Geldimämmedowa öz goşgusynda söýgä şeýle soraglar bilen ýüzlenýär:
... Ynsanyň kalbyny köz ýaly dörüp,
Kä söndürip, käte odun ölçerip,
“Wah Şirinim” diýip, daglary ýaryp,
Perhadyň bagtyny garaldan senmi?!
Mežnun yşk oduna tapman dermany,
Şo-ol düňle çöllerde çekdi armany,
Selbini agladyp, aşyk Hemrany,
Saýadyň ýoluna ugradan senmi?!
Barha alawladyp yşgyň körügin,
Penjesine düşüp gepçi, görübiň,
Şaseneme ýedi ýyllap Garybyň,
Garasyn görmäge zar eden senmi?!
Şahyr bilbil bolup söýdi gülüni,
Neçüýn ýalkamadyň bagtyň guluny,
Meňliden aýyryp Magtymgulyny,
Eziz ýeňňesine ýar eden senmi?!
Ak ýol arzuw edip, gökde pel-pelläp,
Bürgüt aşyklary ýürekden goldap.
Iň soňunda bolsa, Kerimi aldap,
Gaňňalyň, oýunda eňreden senmi?!
Birzady bilemok, barmyka aýby,
Munda şatlyk köpmi, köpmi ýa gaýgy,
Dyz epip ýalbarýan, aýtsana, söýgi,
Bu gözel dünýäni nur eden senmi?!
Söýginiň nämedigi, onuň takyk kesgitlemesi dogrusynda edebiýatçydyr şahyrlaryň arasynda häli-häzirlerem jedeller ýüze çykýar. Belki olaryň ählisiniňkem dogrudyr. Emma meniň temany bu ugra syrykdyrmgymyň başga bir sebäbi bar.
Arada internet sahypalaryny dörüp, bir maglumat gözläp otyrkam tötänden bir gyzyklyja zadyň, ýagny kiçi ýaşly çagalaryň söýgi diýip nämä düşünýändikleri barada amerikaly psihologlaryň geçiren soraglarynyň netijesiniň, ýagny çagalaryň beren dürli jogaplarynyň üstünden bardym. Elbetde, çagalaryň beren jogaplary meniň üçinem gyzykly boldy. Sebäbi, meniň pikirimçe çagalar owadan gürläp, söhbetdeşinde üýtgeşik täsir galdyrmaga çalyşmaýarlar. Olar näme pikir etseler şony-da dile getirýärler. Meşhur rus ýazyjysy Fýodor Dostoýewskiý hem hut şonuň üçin çagany perişdelere deňän bolsa gerek. Umuman, temadan kän daşlaşmankam söýgi barada çagalaryň pikirleriniň käbirlerini siziň bilen paýlaşaýyn. Belki siziň üçinem gyzykly bolar:
Haçanda enemde artrit başlanda onuň egilmesi kynlaşdy we dyrnaklaryny reňkläp bilmedi. Şol sebäpdenem bu işde atam oňa kömek edip başlady. Ine şu, söýgi-dä. Rebekka, 8 ýaş.
Söýgi – bu haçanda seniň dişleriň ýokka-da ýylgyrmagyň. Dostlaryňam seni şonda-da söýmegi. Mark, 8 ýaş.
Meniň doganymyň meni gaty söýýändigini bilýärin. Sebäbi ol öňki geýen eşikleriniň ählisini maňa berýär. Özi bolsa ýörite gidip täze eşik almaga mejbur bolýar. Lena, 4 ýaş.
Söýgi – bu ejemiň nahar wagtynda kakama towugyň iň gowy ýerini bölüp bermegi. Alina, 5 ýaş.
Söýgi – bu her gün irden ejemiň kakama taýýarlan kofesiniň tagamynyň gowudygyny anyk bilmek üçin ony dadyp görmegi. Denni, 7 ýaş.
Söýgi – bu haçanda oglana geýen köýneginiň gowy gelişendigini aýdanyňda onuň şol köýnegi her gün geýip gelmegi. Noel, 7 ýaş.
Kakam işden gelende üst-başy hapa, özündenem ýakymsyz ys gelýär. Ýöne şonda-da ejem ony gujaklaýar we onuň Robert Redforddanam owadandygyny aýdýar. Bu söýgi. Kris, 7 ýaş.
Gurban MYRADOW.