TÜRKMENISTAN — BAGY - BOSSAN

Tebigy gurşawy goramak we tebigy serişdelerden rejeli peýdalanmak hormatly Prezidentimiziň ekologiýa babatdaky syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarydyr. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ekologiýa syýasaty ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge, daşky gurşawyň goralmagyny, ilatymyzyň ýaşaýşy üçin arassa, sagdyn we amatly daşky gurşawy üpjün etmäge gönükdirilendir.

Biziň döwletimiz BMG-niň birnäçe halkara konwensiýalaryna goşulyp, tebigaty goramak ulgamynda öz üstüne alan halkara borçnamalarynyň talaplaryny gyşarnyksyz berjaý edýär. Türkmenistan ählumumy durnukly ösüşiň ekologiýa meselelerini çözmegiň bilelikdäki ýollaryny ara alyp maslahatlaşmak hem-de işläp taýýarlamak maksady bilen geçirilen “Rio+20” Bütindünýä sammitine işjeň gatnaşyp, daşky gurşawy goramagyň hem-de ekologiýa howpsuzlygynyň möhüm meseleleri boýunça anyk teklipler bilen çykyş etdi.

Ekologiýa howpsuzlygy biziň döwletimiz üçin esasy wezipe bolup durýar. Bitarap Watanymyzda ýaýbaňlandyrylan müňýyllyklara ýaň salýan giň gerimli işler tebigy we taryhy-medeni gymmatlyklary goramakda nusgalyk ýörelgä öwrüldi. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň ösümlik we haýwanat dünýäsi örän baýlygy bilen tapawutlanýar. Dünýäniň durnukly we sazlaşykly ösýän ýurtlarynyň hataryna goşulan Türkmenistanyň ösüşiniň täze tapgyrynda ileri tutulýan ugurlaryň birine öwrülen ekologiýa syýasaty dünýäde deňi-taýy bolmadyk tebigy ýadygärliklerimizi gorap saklamak, ylmy taýdan çuňňur öwrenmek, güneşli Diýarymyzyň ajaýyp ýerlerini ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşmak, ülkämiziň tebigy täsinliklerini bütindünýäde wagyz etmek, türkmen halkynyň, şeýle-de umumadamzat baýlygy hökmünde dünýä halklaryna elýeterli etmek ugrunda ulgamlaýyn işler alnyp barylýar. Munuň özi dünýä halklaryna Türkmenistanyň tebigy täsinlikleri bilen tanyşmaga giň mümkinçilik berýär. Täsin tebigaty, bereketli jülgelerde saklanyp galan tebigy baýlyklarymyz — baý ösümlik we haýwanat dünýäsi, ajaýyp tebigy künjekler we geň-enaýy ýadygärlikler güneşli Diýarymyzyň ýakyn geljekde halkara syýahatçylygyň iri merkezleriniň birine öwrüljekdigine güwä geçýär.

Hut şu maksat bilen gözelliklere beslenen tebigy künjeklerimiz, Köýtendagyň ajaýyp ýerleri, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy, buýsanjymyz bolan Aşgabat şäheri we Diýarymyzyň beýleki şäherleri, oba-kentleri awtoýollar, syýahatçylyk üçin niýetlenen ulaglar, iýmit kärhanalary, häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyklykda enjamlaşdyrylan myhmansöýer ýöriteleşdirilen elektron habar beriş merkezleri bolan syýahatçylyk toplumyna öwrülýär. Şoňa görä-de, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan diňe bir syýahatçylyk merjeni bolman, eýsem umumadamzat tebigy gymmatlyklaryna baý döwlet hökmünde meşhurdyr.

Daşky gurşawy goramak babatda alnyp barylýan işleriň hatarynda milli kanunçylygymyzda amala aşyrylýan özgertmeler aýratyn bellärliklidir. Milli Liderimiziň baştutanlygynda “Howanyň üýtgemegi boýunça milli strategiýa” hem-de “Türkmenistanyň milli tokaý maksatnamasy” işlenip taýýarlandy. Bu meýilnama boýunça ýaşaýyş üçin tämiz, arassa howany üpjün etmek we türkmen topragynyň tebigat gözelligini artdyrmak maksady bilen, döwlet derejesinde ählihalk ýowaryny ekologik-medeni çäre hökmünde geçirmek berkidildi. Mundan başga-da, “Tebigaty goramak hakynda” Türkmenistanyň täze Kanuny, “Ozon gatlagyny goramak hakynda”, “Aýratyn goralýan tebigy ýerler hakynda”, “Ösümlik dünýäsi hakynda” we “Haýwanat dünýäsi hakynda” Türkmenistanyň täze Kanunlary hem-de Tokaý kodeksi kabul edildi. Kabul edilen bu kanunlar we kodeksler ýurdumyzda tebigaty goramagyň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny berkitmek bilen bir hatarda, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge, tebigy gurşawy gorap saklamaga we dikeltmäge, tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmaga we olaryň tebigy gorlaryny köpeltmäge ýardam berer.

Daşky gurşawy goramak boýunça halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmak we yzygiderli ösdürmek döwletimiziň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Türkmenistan bu ugurda dünýäniň ähli döwletleriniň umumy tagallalary esasynda global ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek üçin BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde halkara başlangyçlary bilen yzygiderli çykyş edýär. Ýurdumyz sebitiň ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak maksady bilen, BMG-niň bu ugurdaky ýörite edaralary bilen gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär. BMG-niň ösüş maksatnamasy, BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, Giň möçberli Ekologiýa gaznasy we beýlekiler bilen häzirki wagtda döwletimiz işjeň gatnaşyklary saklap, sebitde ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek üçin degerli teklipleri öňe sürýär. Hususan-da döwletimiziň ekologiýa taýdan zyýansyz, durmuş üçin möhüm ähmiýete eýe bolan taslamalary düýpli öwrenmek we işläp taýýarlamak üçin BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümini — howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleri çözmek boýunça Sebitara merkezini döretmek baradaky teklibi dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döretdi.

Hormatly Prezidentimiziň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 64-nji, 66-njy sessiýalarynda hem-de Rio-de-Žaneýro şäherinde geçirilen BMG-niň Durnukly ösüş boýunça “Rio+20” atly halkara maslahatynda ekologiýany we daşky gurşawy goramak barada öňe süren teklipleriniň uly goldawa eýe bolmagy, döwletimiziň ekologiýa meselelerini çözmek boýunça ösen döwletleriň hataryna goşulýandygynyň ajaýyp ykrarnamasydyr.

Häzirki wagtda daşky gurşawyň hapalanmagy bilen baglanyşykly meseleler diňe bir döwlet ýa-da sebit derejesinde möhüm bolman, eýsem, dünýä derejesindäki wajyp meselä öwrüldi. Hut şonuň üçin hem ýurdumyzda daşky gurşawyň hapalanmagynyň öňüni almaga gönükdirilen uly işler amala aşyrylýar. Halkymyz barada edýän aladasy üçin Arkadag Prezidentimize köp sagbolsun aýdýarys.

Nurmyrat MÄHEMOW,

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet

mugallymçylyk institutynyň talyby.

“Nesil” gazeti,

18.03.2017ý.

 

Meňzeş habarlar

20 Awgust 2025 | 68 okalan

SANLY BILIM — GELJEGIŇ AÇARY

20 Awgust 2025 | 58 okalan

MANYLY ÖMÜR NESILLERE NUSGALYKDYR

20 Awgust 2025 | 52 okalan

AWAZA – HALKARA HYZMATDAŞLYGYŇ MERKEZI