TÄZE KUWWATLY SENAGAT DESGASY

Düýn türkmen we belarus Liderleriniň gatnaşmagynda Lebap welaýatynyň Garlyk şäherçesinde gurlan dag-magdan toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Bu döwrebap desga türkmen-belarus ykdysady gatnaşyklarynyň ajaýyp nyşany bolup durýar. Bu ägirt uly taslamanyň üstünlikli tamamlanmagy, türkmen ykdysadyýetiniň täze pudagynyň kuwwatly senagat desgasynyň açylmagy iki dostlukly ýurduň gatnaşyklarynda şanly wakadyr.

Hormatly Prezidentimiziň badalga beren maksatnamalary ýurdumyzyň baýlyklaryny netijeli ulanmak arkaly milli ykdysadyýetimizi has-da kuwwatlandyrmaga, halkymyzyň abadançylygyny pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Şu günki kabul edilýän maksatnamalar ertirki günlerimiziň abadançylygynyň, bereket-bolçulygynyň ygtybarly kepili bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlap, yzygiderli durmuşa geçirýän beýik tutumlaryny döredijilikli dowam etdirmekde ýaş nesle uly ynam bildirilýär. Bu gün milli senagatymyzyň täze döredilýän pudaklarynda işlemäge ukyply, kämil hünärmenleri ýetişdirmäge döwletimiz tarapyndan ähli mümkinçilikler döredilýär.

Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň parasatly syýasaty netijesinde ýurdumyzyň tutuş halk hojalyk toplumy senagatlaşdyrylýar. Pudagy ösdürmekde möhüm himiýa önümçilikleriniň giň möçberli gurluşygy ykdysadyýeti ösdürmekde möhüm orna eýe bolýar. Bu gün ägirt uly çig mal serişdelerine, döredilýän ýokary tehnologiýaly düzümiň mümkinçiliklerine daýanýan himiýa senagatynyň eksport kuwwatlyklary barha artýar. Bu ugurda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen, Türkmenistanda ilkinji we tutuş Merkezi Aziýa sebitinde iri kaliý duzlarynyň ýataklaryny özleşdirmek boýunça dag-magdan baýlaşdyryjy toplumyň gurluşygynyň ulanmaga berilmegi taryhy wakadyr. Möçberi we ähmiýeti boýunça deňi-taýy bolmadyk bu maýa goýum taslamasynyň durmuşa geçirilmegi bilen, milli ykdysadyýetimiz üçin täze ugur bolan dag-magdan senagaty döredilýär. Bu ähli halkymyz üçin örän buýsandyryjy ýagdaýdyr. Çünki ilki bilen, täze pudak milli ykdysadyýete täze girdejileri getirmäge we bu pudakda öndürilýän önümleri satyn almak üçin çykdajylary aradan aýyrmaga esas döredýär. Kaliý duzlarynyň uly gorlaryny özünde saklaýan Garlyk ýatagynyň çig malynyň hil derejesiniň daşary ýurtlardaky kaliý duzlarynyň hil derejesinden ýokarydygyny bilermenler tassyklaýar.

Senagat toplumynyň kuwwaty oba hojalygy ekologiýa taýdan arassa kaliý dökünleri bilen doly üpjün etmäge, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny artdyrmaga goşmaça itergi berer.

Kaliý duzlarynyň gatlaklary örän seýrek gabat gelýär. Häzirki döwürde Belarusuň kaliý kompaniýasy kaliý dökünleriniň dünýä bazarlarynda öňdebaryjy orunlaryň birini eýeleýändigi bellärliklidir. Belarusly hyzmatdaşlar bu önümçilikde Türkmenistany ygtybarly hyzmatdaş hasaplaýarlar. Bu bolsa bilelikdäki hyzmatdaşlygyň uzak geljegi nazarlaýandygyndan habar berýär.

Toplumda ýeriň birnäçe metr çuňlugyndan şahta usuly bilen ýokary çykarylýan magdan soňra birnäçe basgançak düzümlerinden geçýär. Ol owradylyp süzülýär, ýuwulýar we guradylyp ýene-de arassalanylýar. Garlyk känindäki magdanlaryň ýeriň ýüzüne golaý ýerleşmegi hem önümçilik üçin amatly bolup, çykdajyny az talap edýär. Bu bolsa toplumda öndüriljek kaliý duzlarynyň özüne düşýän gymmatynyň pes bolmagyny üpjün edýär.

Ýene-de bir buýsandyryjy ýagdaý bolsa, täze önümçiligiň işe girizilmegi bilen ilat üçin boş iş orunlarynyň döredilmegidir. Nesip bolsa, bu kärhanada ýüzlerçe adam zähmet çeker. Geljekde önümçiligiň giňeldilmegi bilen, iş ýerleri hem artar.

Hormatly Prezidentimiziň döredijilikli we öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde ýurduň sebitleri gülläp ösýär, sebitlerde häzirki zaman durmuş-ykdysady düzümleri bolan täze ilatly ýerler döredilýär, täze senagat toplumlarynyň töwereklerinde durmuş maksatly täze binalar döredilýär. Bu bolsa halkymyzyň döredijilik we zähmet mümkinçiliklerini has netijeli peýdalanmak üçin täze şertleri döredýär.

Ýakynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Türkmenabat — Farap täze awtoulag we demir ýol köprüleri ulanmaga berildi. Ondan öň bolsa, Amyderýanyň üstünden geçýän Atamyrat — Kerkiçi demir ýoly we awtoulag köprüsi, Türkmenbaşy — Farap awtoulag ýoly guruldy. Bu desgalaryň hemmesi halkara ulag-üstaşyr geçelgesiniň möhüm düzüm bölegidir. Şeýle senagat merkeziniň döredilmegi Lebap welaýatynyň baý tebigy çig mal serişdelerini uly möçberde özleşdirmek üçin giň ýol açdy. Türkmenistanyň we Belarusuň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda dabara bilen açylan täze önümçilik toplumy döwletara hyzmatdaşlygynyň ajaýyp nusgasyna öwrüler. Garlyk şäherçesi bolsa, ýurdumyzyň senagat taýdan ösmegi, bu ýerde maýa goýum we innowasiýa üçin amatly şertleriň döredilmegi, ýaş hünärmenleriň işe çekilmegi babatynda ygtybarly binýat bolup hyzmat eder. Bu sahawatly, sogaply işleriň sakasynda Gahryman Arkadagymyzyň ägirt uly tagallalary bar. Durnukly ösüşi üpjün etmekde, halkymyzyň abadançylygyny, milli ykdysadyýetimizi pugtalandyrmakda beýik tutumlary durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň işleri hemişe üstünliklere beslensin!

Oguljemal NURMYRADOWA,

žurnalist.

“Nesil” gazeti,

01.04.2017ý.

Meňzeş habarlar