Tyllaýy güýz. Ýene-de daşarda ýagyş. Gojaman asman kalbynyň töründe saklaýan bar derdini göz ýaşlary bilen ýuwýar. Şol pursat aýnada nagyş ýasaýan damjalara syn edeniňde täsin duýgularyň dünýäsine aralaşýaň. Daşary bilen içeriniň arasynda serhet goýan aýnanyň ýüzüne barmaklaryň bilen şekilleri çyzanyňy-da duýman galýarsyň. Eliň aýnada şekil çekýänem bolsa, aňyň kalbyň töründe täsirli wakalary täzeden janlandyrjak bolup dyrjaşýar. Munuň ählisi asman şalygyndan ýere inýän jadyly damjalaryň güýji bolmaly. Bu ýagyş yşkyň syrly dünýäsine aralaşan ynsanlaryň ýürek tarlaryny kakyp, galamyny ganatlandyrýar. Emma bu ýagdaýy söz bilen beýan etmek däl. Ony näçe taryp etseň-de bärden gaýdýar diýleni. Ençeme şahyrdyr ýazyjylaryň şygyr diwanynda aýratyn orun eýeleýän tema hem ýagyşly gün bolmaly. Çünki bu günüň adama berýän lezzeti başgaça...
Seret, ýene dynman ýagyş ýagyp dur,
Gursagyn giňedip, rahatlyk üçin.
Joşup, joşup ses edipler ýagýar ol,
Nurly dideleriň ýatlatmak üçin.
Bu ýagyş has beter özüne çekdi,
Bilmedim, belki-de maňa şeýledir.
Ýagşyň heňi ýada saldy owazyň,
Göresim gelipdir seni şeýlebir.
Göz öňümden hiç gidenok henizem,
Maýyl eden keman gara gaşlaryň.
Mähir bilen aýdan şirin sözleriň,
Gül kimin bezedi juwan ýaşlygym.
Şu günki ýagyşa nazaryň dikip,
Umyt edýän senem meni ýatlaýaň.
Meň bolsa aňyma baky ornapdyr,
Seniň sowgat eden süýji ýatlamaň...
Çeper NAZARGYLYJOWA,
Döwletmämmet azady adyndaky TMDDI-niň magistranty,
TMÝG-niň işjeň agzasy.