ÝUNESKO-NYŇ DÖREDIJILIK ŞÄHERLERINIŇ TORYNA “DIZAÝN” UGRY BILEN GIRIZILEN ŞÄHERLERIŇ SEBITARA MASLAHATY GEÇIRILDI

     2024-nji ýylyň 21-24-nji oktýabry aralygynda Ýaponiýanyň Asahikawa şäherinde gibrid görnüşinde ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toryna “Dizaýn” ugry bilen girizilen şäherleriň wekilleriniň gatnaşmagynda Sebitara duşuşygy geçirildi. Türkmen tarapyndan Aşgabat şäher häkimliginiň wekilleri onlaýn görnüşinde gatnaşdylar.

     Duşuşygyň dowamynda oňa gatnaşyjylar Aziýa we Ýuwaş umman sebitinde ýerleşýän ÝUNESKO-nyň “Dizaýn” şäherleriniň arasynda işjeň hyzmatdaşlygy ilerletmek, şeýle hem syýasy, ylym-bilim, medeni -ynsanperwer ugurlar boýunça işçi toparlaryň arasynda degişli ugurlar boýunça iň gowy tejribeleri paýlaşmak dogrusynda pikir alyşdylar we geljekde bilelikde alnyp barylmaly wezipeleri kesgitlediler.

     Agzalan sebitara maslahatyň netijeleri boýunça Asahikawa jarnamasy kabul edildi.

     Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäheri 2023-nji ýylyň 31-nji oktýabrynda “Bütindünýä şäherler gününde” ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toryna “Dizaýn” ugry boýunça girizilendigini ýatladýarys.

 

unesco.gov.tm

Meňzeş habarlar