HOŞNIÝETLI GATNAŞYKLARYŇ AÝDYŇ BELENTLIKLERI

     Şu gün Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň binasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, ady agzalan muzeýiň, şeýle hem «Miras» teleýaýlymynyň bilelikde gurnamagynda ýaýlyma berilýän «Milli miras – nesillere görelde» atly gepleşiginiň nobatdaky sany ýazgy edildi, hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini, onda garalan birnäçe meseleleri ýaşlara wagyz etmek maksady bilen guralan gepleşige gatnaşanlar Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerinden ugur alýan başlangyçlary, halkara giňişlikdäki orny, dünýä jemgyýetçiliginde döwletimiziň halkara sport abraýy, şeýle hem ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň sazlaşykly ösüşinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň möhüm orny dogrusynda giňişleýin söhbet etdiler. Çykyşlaryň her birinde halkymyzy ösüşleriň aýdyň ýoly bilen bagtyýar geljege tarap alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

 

Jemal SAPAROWA,

TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky

«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň

bölüm redaktory.

Meňzeş habarlar

26 Sentýabr 2025 | 80 okalan

NEPIS TÜRKMEN HALYSY

25 Sentýabr 2025 | 175 okalan

HALK MASLAHATY DÖWLETLI TUTUMLARYŇ BINÝADY

23 Sentýabr 2025 | 182 okalan

ABU ALY IBN SINA