Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň (EKOSOS) golaýda geçirilen mejlisinde Türkmenistanyň 2018 — 2020-nji ýyllar üçin BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Ýerine ýetiriji geňeşine hem-de 2018 — 2022-nji ýyllar üçin Zenanlaryň statusy boýunça komissiýasyna saýlanylmagy Arkadag Prezidentimiziň çaganyň hukuklaryny goramaga, gender deňligine hem-de zenanlaryň hukuklarynyň üpjün edilmegine aýratyn üns berýändigine şaýatlyk edýär hem-de eziz Watanymyzyň dünýä derejesindäki abraýyny ýokarlandyrýar.
TÜRKMENISTANDA gender meseleleriniň çözülmegine uly üns berilýär. Zenanlar erkekler bilen bir hatarda döwletimiziň edara-kärhanalarynda dürli ýokary wezipelerde işleýärler. Jemgyýetde uly hormatdan peýdalanýarlar hem-de döwletimiziň we jemgyýetimiziň ähli işlerine işjeň gatnaşýarlar. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda çaganyň hukuklaryny goramak, ýaş nesliň sazlaşykly ösmegini üpjün etmek, şeýle hem gender deňligi, zenanlaryň hukuklarynyň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meselelere aýratyn üns berilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde döwrebap saglyk merkezleri halkymyza hyzmat edýär. Munuň özi saglygy goraýyş ulgamyny döwrebaplaşdyrmaga, ilatyň saglygyny has-da gowulandyrmaga, adamlaryň ömrüniň ortaça dowamlylygyny uzaltmaga, çagalaryň dogluşyny artdyrmaga ýardam edýär.
Türkmenistan dünýäniň dürli döwletleri we iri halkara guramalary bilen hoşniýetli hyzmatdaşlygy giň gerimde ösdürýär. BMG bilen köptaraply hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we giňeltmek ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biridir. Soňky ýyllarda bu gurama bilen gatnaşyklar hil taýdan täze derejä çykdy. Muňa Birleşen Milletler Guramasynyň esasy ýöriteleşdirilen edaralary bilen ýola goýlan netijeli özara gatnaşyklar aýdyň şaýatlyk edýär. Şol edaralar bilen bilelikde birnäçe taslamalar we maksatnamalar üstünlikli berjaý edildi we häzir hem durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň BMG-niň dürli düzümlerine, komissiýalaryna hem-de maksatnamalaryna işjeň gatnaşmagy bu abraýly gurama bilen netijeli gatnaşyklara şaýatlyk edýär.
Häzirki döwürde Arkadag Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyz durmuş-ykdysady taýdan ösdürilýär, ylmy taýdan esaslandyrylan döwlet syýasaty durmuşa geçirilýär. Bu işleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginde kalby hyjuwly ýaşlarymyzyň aň-düşünjesine, gujur-gaýratyna, döredijilikli zähmetine uly orun berilýär. Şonuň üçin hem berkarar döwletimiziň ýaşlar baradaky syýasaty olaryň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmäge, ýaşlary hemmetaraplaýyn goldamaga gönükdirilendir.
Ýurdumyzda ýaş nesilleriň kämil bilim almagy, sagdyn durmuş ýörelgelerine berk eýerýän ruhy we beden taýdan sagdyn, ýokary aň-düşünjeli nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Ýaşlaryň ählitaraplaýyn işini utgaşdyrmak, goldamak hem-de ýaş maşgalalaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmak boýunça zerur işler durmuşa geçirilýär.
Ýurdumyzyň iň gymmatly hazynasy bolan adam hakynda edilýän aladalar milli Liderimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesiniň esasyny düzýär. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda eziz Diýarymyzyň gazanýan üstünliklerinde, eýeleýän belent sepgitlerinde agzybir halkymyzyň, aýratyn-da, ýaşlaryň hyzmaty uludyr. Bu günki gün bagtyýar ýaşlarymyz halkymyzyň watansöýüjilik, zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelenip, Arkadag Prezidentimiziň parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik we dost-doganlyk ýörelgelerine berk eýerýärler. Olar häzirki wagtda döwletimiziň dürli edaralarynda, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda ruhubelent hem-de döredijilikli zähmet çekýärler. Ýurdumyzda alnyp barylýan işleriň üstünlikli durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýarlar, telekeçilik işleri bilen meşgullanýarlar, eziz Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda mynasyp goşantlaryny goşýarlar.
Hormatly Prezidentimiz: «Biziň merdana ýaşlarymyz berkarar Watanymyzyň güýç-kuwwaty we at-abraýydyr! Halk we Watan diýen beýik sözler ýaşlaryň dilleriniň senasy, baş şygary bolmalydyr. Watana bolan söýgi ynsan üçin iň beýik söýgüdir. Ynsan üçin Watandan beýik mukaddeslik, Watandan beýik gymmatlyk ýokdur. Şoňa görä-de, mähriban halkymyzyň ajaýyp, nusgalyk häsiýetlerini özünde jemleýän, eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegini üpjün etmäge ukyply nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek biziň esasy wezipelerimiziň biridir. Biz merdana halkymyzyň asyrlaryň dowamynda toplan baý durmuş tejribesine daýanyp, ýaş raýatlarymyzy ruhy-ahlak, medeni-aňyýet we beden taýdan sagdyn adamlar edip terbiýelemek üçin uly alada edýäris» diýip belleýär.
«Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2015 — 2020-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasynyň kabul edilmegi hem-de bu Maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň tassyklanmagy ýaşlarda aýratyn uly buýsanç döretdi. Bu resminamalarda berkarar döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna ýaşlaryň doly derejede gatnaşmagy üçin zerur bolan şertleri döretmek göz öňünde tutulan.
Eziz Diýarymyzda durmuşa geçirilýän beýik işleriň esasy maksady ýokary ahlakly, giň düşünjeli, iň kämil tehnologiýalardan baş çykarýan hünärmenleriň täze neslini kemala getirmekden ybaratdyr. Şu maksatdan ugur alnyp, ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesliň kämil bilimli, ýokary derejeli hünärmenler bolup ýetişmegi üçin döwrebap çagalar baglary, orta we ýokary okuw mekdepleri, çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleri gurulýar. Ýokary okuw mekdeplerinde täze hünärler açylýar. Bilim-terbiýeçilik edaralary döwrebap kompýuterler, okuw-tehniki enjamlar, interaktiw we multimedia tehnologiýalary bilen doly üpjün edilýär. Munuň özi ýaşlaryň häzirki zaman dünýäsiniň ösen tehnologiýalaryndan doly baş çykarmagyna ýardam edýär. Ýaşlarymyz bu günki gün döwletara ylalaşyklary esasynda daşary ýurtlaryň abraýly orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinde hem bilim alýarlar.
Ýaşlary ylma çekmek we ýaş alymlary maddy taýdan goldamak üçin döwletimiz tarapyndan uly goldaw berilýär. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň garamagyndaky institutlarda, Tehnologiýalar merkezinde, pudaklaýyn ylmy-barlag institutlarynda we ýokary okuw mekdeplerinde ylmy işleri netijeli alyp barmak üçin doly mümkinçilikler döredilýär. Bu bolsa ýaş alymlaryň bäsleşige ukyply ylmy barlaglary geçirmäge, ýurdumyzyň ylmy-tehniki kuwwatyny has-da berkitmäge bolan höwesini artdyrýar.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň tagallasy bilen bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge uly ähmiýet berilýär. Ýurdumyzda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän atçylyk-sport toplumlary, stadionlar, sport mekdepleri we sagaldyş merkezleri gurulýar. Olarda döredilýän döwrebap şertler ýaşlaryň sporta bolan höwesini artdyrýar hem-de beden taýdan kämilleşmegine itergi berýär. Paýtagtymyz Aşgabatda gurlan Olimpiýa şäherjigi bolsa özüniň ajaýyp binagärlik keşbi, döwrebap sport mümkinçilikleri bilen görenleri haýran galdyrýar. Nesip bolsa, şu ýylyň sentýabr aýynda bu Olimpiýa şäherjiginde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary ýokary derejede geçiriler. Bu oýunlarda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş edip, ýurdumyzyň sport abraýyny has-da belende götererler. Arkadag Prezidentimiz: «Ýaşlara berjek nesihatym, sporty söýüň! Sport güýç-gaýratyň, saglygyň gözbaşydyr! Sporta bolan söýgi — durmuşa bolan söýgüdir!» diýip nesihat edýär.
Berkarar Watanymyzy gülledip ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga, kämil bilimli, sagdyn bedenli we zähmetsöýer ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmäge gönükdirilen beýik özgertmeleri durmuşa geçirýän Arkadag Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaç bolsun!
“Nesil” gazeti,
27.04.2017ý.