GEÇMIŞDEN GELJEGE ÝAGTY ÝADYGÄR, MEDENI MIRASYM DÜNÝÄ ÝAŇ SALÝAR

     Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher Geňeşi, «Türkmenistanda Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 – 2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny» amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyndan ugur alyp, ýaşlaryň şöhratly taryhymyz bilen ýakyndan tanyşmagyny, ony çuňňur öwrenmegini gazanmak maksady bilen, Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň talyplarynyň gatnaşmagynda, Daşoguz welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Geçmişden geljege ýagty ýadygär//Medeni mirasym dünýä ýaň salýar» atly şygar astynda, gezelenç çäresini gurady. Gezelençde ýaşlar halkymyzyň ruhy-medeni gymmatlyklary, ata-babalarymyzyň bize goýan edebi mirasy, geçmişdäki beýik şahsyýetlerimiz, milli mirasymyz bilen bagly taryhy maglumatlar, eksponatlar, fotosuratlar bilen ýakyndan tanyşdylar. Nesilden-nesle geçip gelýän milli kesp-kär we sungat eserleri ýaşlarda has-da täsir galdyrdy.

 

Meýlis ATAÝEW,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Daşoguz şäher Geňeşiniň esasy hünärmeni.