TERBIÝE MEKDEBI

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürýän beýik işleriniň hatarynda bilim-terbiýeçilik işini has-da pugtalandyrmaga, türkmen ýaşlarynyň döwrebap ösüşini, ruhy we ahlak kämilligini gazanmaga berýän ünsi aýratyn orun tutýar. Halkymyz ähli döwürlerde-de terbiýe meselesine hemişe üns berip gelipdir. Dana halkymyz bu meselede iňňän jogapkärli çemeleşip, ony ýaşlaryň kalbyna ornaşdyrmagyň özboluşly ýollaryny we usullaryny oýlap tapypdyrlar.

     Hakyky türkmen nesillerini kemala getirmekde, ýaşlarda milli ruhy terbiýelemekde, ynsana mahsus ýagşy häsiýetleri olarda nusgalyk sypata öwürmekde Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet guşy» romanynyň ähmiýeti diýseň uludyr. Geçmişde ýaşap geçen şahsyýetlerimiziň döwlet derejesinde öwrenilip, olaryň eserleriniň täze bir röwüşde halka ýetirilmegi uly bir ynsanperwerligiň nusgasy hökmünde öwrenilmäge, beýan edilmäge mynasypdyr. Kitapda ýaşajyk Mälikgulynyň uruş ýyllarynyň hupbaty başyna düşse-de, özüni uly adam ýaly mert we paýhasly alyp barmagy, maşgalanyň diregine, umydyna hem ynamyna öwrülmegi her bir okyjyny, ylaýta-da ýaşlary oýlandyrýar. Ýaş nesilleri terbiýelemek üçin ürç edinip gözleýän tärlerimiziň hamyrmaýasy hut şu kitapda jemlenýär. Kitapda Mälikguly aganyň ýaşaýyş durmuşynda görelde almaga diýseň mysallar kän. Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Döwlet guşy» atly romanynda ýaş nesillere bolan uly ynam bar. Mälikgulynyň ýaşdygyna seretmezden, maşgalanyň ýüküni öz gerdenine almagy bolsa, türkmeniň erkek kişisine mahsus bolan gaýratlylygyň, zähmetsöýerligiň, çydamlylygyň görelde mekdebidir. Eserde esasy nusga alarlyk ahlak sypatlaryň biri hem zähmetsöýerlikdir. Munuň beýany eseriň başdan aýagyna çenli eriş-argaç bolup geçýär. Kynçylyklaryň öňünde ejizlemedik, ruhdan düşmedik, gaýta, oba adamlaryna yhlas bilen kömek eden Mälikguly aga hem halal işiň hemrasy bolýar hem-de özüniň ýanbermez ruhy bilen, obadaşlarynyň ýeňşe, bagtly geljege bolan ynamyny alawlandyrmagy başarýar. Çünki, Mälikguly aganyň özi asylly ojakda, ylymly-bilimli neberede dünýä inip, döwrüniň aňly-düşünjeli, il ykbalyny öz ykbalyndan eý gören maşgalada terbiýelenen, önüp-ösen ynsan.

     Maşgalada terbiýe gönezligi arassa boldugyça, olaryň ruhy dünýäsindäki gözellik hem şonça-da zyýada bolýar. Sebäbi perzent esasy terbiýäni maşgalada alýar. Hormatly Prezidentimiz hem ýaşlarda ýokary ideýa-ahlak sypatlaryny kemala getirmekde, nesilleri milli buýsanç ruhunda, beýleki halklara, şeýle hem, döwletimiziň we jemgyýetimiziň gazananlaryna belent sarpa goýmak ruhunda terbiýelemegiň maşgaladan başlaýandygyny aýratyn belleýär. «Döwlet guşy» romany hem ahlak-ideýalara, terbiýeçilige, pähim-parasada ýugrulan, kämillige ýetmeklige anyk ýollary salgy berýän edebi gymmatlykdyr.

 

Laçyn MYRADOWA,

Daşoguz welaýat maliýe-ykdysady orta

hünär okuw mekdebiniň mugallymy,

TMÝG-niň işjeň agzasy.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 617 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4816 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY