MINIATÝURA WE ALTYN ÇAÝYP BEZEMEK SUNGATYNYŇ USSATLYK SAPAKLARY

     Häzirki ajaýyp zamanamyzda talyp ýaşlarymyzyň saýlap alan hünärleriniň ussady bolup ýetişmegine aýratyn üns berlip, bu ugurda döwrebap mümkinçilikler döredilýär. Çünki ylym-bilim ähli ösüşleriň gözbaşy hasaplanýar. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda alnyp barylýan giň möçberli işleriň netijesinde ylym-bilim ösüşlere giň ýol açýar. Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynyň halkara hyzmatdaşlygyndaky abraýy dünýäniň ösen derejesine ýetdi.

     Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasy ylymda, bilimde, döredijilikde dünýäniň birnäçe döwletleri bilen ýakyndan dostlukly gatnaşyklary saklap gelýär. Eýran Yslam Respublikasy bilen ýola goýlan dostluk köprüsiniň aýratynlygyny bellemek biz üçin diýseň ýakymly. 2024-nji ýylyň 5-nji noýabrynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda Eýran Yslam Respublikasynyň miniatýura we altyn çaýyp bezemek sungaty boýunça hünärmenleriniň ussatlyk sapaklarynyň geçirilişi üstünlikli başlandy.

     Ussatlyk sapagy Eýran Yslam Respublikasynyň ussat hünärmenleriniň döredijilik eserlerinden gurnalan ajaýyp sergi bilen sazlaşdy. Zenan suratkeşleri Haşemi Seýedehsähär we Hosseýnian Näjme özleriniň döredijilik eserleri barada giňişleýin gürrüň berdiler. Ýokary okuw mekdebimiziň okuw otaglarynda miniatýura boýunça Haşemi Seýedehsähär we altyn çaýyp bezemek sungatyndan Hosseýnian Näjme talyp ýaşlara okuw sapagyny geçirdiler. Ilkinji okuw sapagynda miniatýura we altyn çaýyp bezemek sungatynda ulanylýan gurallar bilen tanyşlyk, ýerine ýetiriliş tehnikasynyň aýratynlyklary şeýle-de gadymy sungat eserleriniň taryhy bilen bagly gymmatly maglumatlary görkezme esbaplaryň usulynda talyp ýaşlara ýetirildi. Birnäçe gün dowam etjek ussatlyk okuw sapaklary amaly we tejribe sapaklaryň geçirilmeginde  meýilleşdirildi.   

     Eýran Yslam Respublikasynyň ussat hünärmenleri tarapyndan gurnalan hünär ussatlyk sapagynyň netijesi Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyp-ýaşlarynyň alan nazary we tejribe başarnyklaryny açyp görkezjek özbaşdak döredijilik işleriniň sergisi we maslahaty bilen jemlener. Bu ussatlyk okuw sapaklary talyp ýaşlarymyzyň döredijilik başarnygyny kämilleşdirmekde we tejribe alyşmakda aýratyn ähmiýetiniň ýokary netijeliligini açyp görkezýär.

 

Ogultagan GELDINYÝAZOWA,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik

akademiýasynyň mugallymy.

Meňzeş habarlar

20 Noýabr 2024 | 0 okalan

DIL ÖWRETMEGIŇ DÖWREBAP TAGLYMATY

20 Noýabr 2024 | 2 okalan

TÄSIRLI GEÇEN DUŞUŞYK