Ýurdumyzda milli ylym we bilim ulgamyny kämilleşdirmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek döwletimiziň özgertmeler syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.
Ylym ulgamyny döwlet tarapyndan goldamagyň gerimi ýylsaýyn giňelýär, geljegi uly ylmy-barlaglary, tejribe-synag we tehnologiki işläp taýýarlamalary maliýeleşdirmek gowulanýar. Türkmen mekdep okuwçylarynyň dürli dersler boýunça geçirilýän abraýly halkara olimpiadalarda gazanýan üstünlikleri bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeleriň aýdyň netijeleriniň biridir.
Ýurdumyzyň ähli bilim edaralaryny kompýuterleşdirmek we maglumatlaşdyrmak, döwrebap kommunikasion tehnologiýalary ornaşdyrmak ýurdumyzy innowasion taýdan ösdürmegiň özboluşly guraly boldy. Şol tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy netijesinde türkmen ýaşlary bu gün dürli ylmy bäsleşiklere, dersler boýunça olimpiadalara gatnaşyp, olarda baýraklary we medallary gazanýarlar.
Ýakynda Russiýa Federasiýasynyň Bilimiň hiline gözegçilik baradaky ylmy-barlag instituty hem-de Bilim ulgamynda innowasiýalary goldamagyň milli gaznasy tarapyndan “Ykdysadyýet”, “Nazaryýet mehanikasy”, “Informatika”, “Materiallaryň garşylygy”, “Ekologiýa”, “Statistika”, “Fizika” we “Himiýa” sapaklary boýunça kompýuter onlaýn synag görnüşinde geçirilen Açyk halkara internet olimpiadasyna Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyplary hem gatnaşdylar.
Olar internet-ders synagynyň netijeleri boýunça medallaryň 11-sine, ýagny 4 sany altyn, 2 kümüş we 5 sany bürünç medallara mynasyp boldular.
Türkmen mekdep okuwçylary Gazagystanyň paýtagtynda 23-30-njy aprel aralygynda geçen himiýa boýunça 51-nji Halkara Mendeleýew olimpiadasynda kümüş we bürünç medallara mynasyp boldular. Bäsleşikleriň jemleri boýunça Aýratyn zehinli çagalar üçin döwlet mekdep-internatynyň 11-nji synp okuwçysy Serdar Begenjow kümüş medala eýe boldy. Aşgabat şäherindäki iňlis dili çuňňur öwredilýän ýöriteleşdirilen 57-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Intizar Taşow bürünç medal bilen üçünji orny eýeledi.
Soňky ýyllarda türkmen ýaşlarynyň ylym bilen meşgullanmaga höwesi artýar. Ylym hem-de bilim ulgamlarynda bolup geçýän beýik özgertmeler hormatly Prezidentimiziň döwletimiziň we jemgyýetimiziň ösüşine kuwwatly itergi bermek, ýurdumyzy ösüşiň täze belent sepgitlerine çykarmak maksady bilen durmuşa geçirýän giň möçberli işleriniň üstünlige beslenýändigine şaýatlyk edýär
“Nesil” gazeti,
04.05.2017ý.