Her bir güni buýsançly ösüşlere, özgerişlere beslenýän Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda oba hojalyk pudagy döwrebap ösüşlere beslenýär. Ýylyň-ýylyna ýurdumyzda pagtanyň we azyklyk bugdaýyň bol hasyly, şeýle-de gök, miwe, bakja önümleriniň dürli görnüşleri ýetişdirilýär. Şeýlelikde, bugdaýdan önýän mele-myssyk çöreklerimiz, gök-bakja önümlerimiz saçaklarymyzyň berekedini artdyrýar. Türkmenistanyň oba hojalyk pudagynda gazanylýan uly üstünlikler hormatly Prezidentimiz tarapyndan durmuşa geçirilýän, dürli görnüşli oba hojalyk önümleriniň önümçiligini artdyrmaga, ýurtda azyk bolçulygyny üpjün etmäge, halkyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen düýpli özgertmeleriniň gönüden-göni netijesidir. Babadaýhanlaryň ýylboýy çekýän zähmetine belent sarpa goýlup, güneşli Diýarymyzda her ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde bereket-bolçulygyň baýramy bolan Hasyl toýy giňden bellenilýär. Bu baýramçylygyň bellenilmegi edermen babadaýhanlarymyzyň gazanan zähmet üstünliklerine buýsanjyň, ene topraga bolan söýgüniň artýar.
Daýhan toýy hasaplanýan bu toý mynasybetli, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Görogly etrabyndaky bilim ojaklarynda hem köpsanly çärelerdir baýramçylyk dabaralary geçirilýär. Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşi bilen bilelikde, biziň mekdebimizde guralan oba hojalyk önümleriniň sergisi hem ýatda galyjy pursatlara beslendi. Oňa etrabymyzyň mekdeplerinden mugallymlardyr göreldeli okuwçylar gatnaşdylar.
Serginiň dowamynda edilen çykyşlarda Hasyl toýy bilen bagly däpleriň ata-babalarymyzdan geçip gelýändigi aýratyn nygtaldy. Bu baýramyň ýaşlarda zähmete söýgi döretmekde ähmiýeti uludyr. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň galkynyşynda ýaş nesliň paýy örän uly. Şu günki mekdep okuwçylaryny hem zähmete söýgi ruhunda terbiýelemek bilim işgärleriniň öňündäki belent borçlaryň biridir.
Gahryman Arkadagymyzyň beýik işlerini üstünlikli dowam etdirip, ene toprakdan bol hasyl öndürýän daýhanlarymyzy galkyndyrýan, türkmen halkyny eşretli durmuşda bagtyýar ýaşatmak üçin uly aladalary edip, eziz Watanymyzy gülledip ösdürýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, döwletimiz üçin alyp barýan tutumly işleri dowamat-dowam bolsun!
Nurgözel BAÝMEDOWA,
Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň daşary ýurt
dillerine ýöriteleşdirilen 50-nji orta mekdebiniň mugallymy,
TMÝG-niň işjeň agzasy.