ÝAŞYL TUGUMYZY BELENDE GALDYRAN ÝAŞ TÜRGEN

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sport ýurdy bolan Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda sport syýasaty barha rowaçlanýar. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde sport desgalarynyň gurlup ulanylmaga berilmegi ýaşlarymyzyň sporta bolan höweslerini, işjeňligini has-da artdyrýar. Maksada okgunly ýaş türgenlerimiz halkara derejeli sport ýaryşlarynda öz ussatlyklaryny görkezip, üstünlikli çykyş etmek bilen, eziz Diýarymyzyň sport abraýyny has-da belende galdyrýarlar.

     Ine, şeýle ýaşlarymyzyň biri hem, Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky geňeşliginiň Garamazy obasynyň ýaşaýjysy, türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 3-nji ýyl talyby Şahzadbek Matýakubowdyr. Onuň Ispaniýanyň Leon şäherinde agyr atletika boýunça ýaşlaryň arasynda geçirilen dünýä çempionatynda gazanan ýeňşi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda giňden bellenilen mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk toýuna mynasyp toý sowgady boldy.

     Sportuň agyr atletika görnüşi boýunça ildeşimiz Şahzadbek Matýakubow 102 kilogram agramda çykyş edip, umumylykda 391 kilogram agyrlygy götermek bilen, I orna we altyn medala (silterläp götermekde 175 kilogramy galdyryp, 1-nji orna we altyn medala, itekläp götermekde 216 kilogramy galdyryp, 1-nji orna we altyn medala) mynasyp boldy.

     Özüniň irginsiz zähmeti, erjelligi bilen dünýä çempionlygyny gazanan hem-de ildeşlerimizi begendiren ýaş türgenimiziň ajaýyp ýeňişleriniň höwri köp bolsun! Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzda sporty ösdürmekde alyp barýan işleriniň ajaýyp miwesi bolan bu belent sepgitleriň dowamy dowam bolsun!

 

Berdimyrat KAKAÝEW,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Akdepe etrap Geňeşiniň başlygy.