ÝAŞLAR ATA WATANYMYZYŇ ÖSÜŞINDE ULY GÜÝÇDÜR

     Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen güni mynasybetli, «Ýaşlar ata Watanymyzyň ösüşinde uly güýçdür» atly şygar bilen, “tegelek stoluň” başynda söhbetdeşlik gurady. Oňa bilim ulgamynda zähmet çekýän öňdebaryjy ýaşlar gatnaşdylar. Onda edilen çykyşlarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bagtyýarlyga beslenen Watanymyzda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunyndan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmekde alnyp barylýan işler, bu ugurda ýaşlaryň iri jemgyýetçilik guramasy bolan Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň alyp barýan netijeli işleri dogrusynda täsirli gürrüňler edildi. Şeýle hem, buýsançly çykyşlarda ýurdumyzda ýaşlar üçin döredilýän giň mümkinçilikler, bilim almaga, hünär öwrenmäge, sport bilen meşgullanmaga döredilýän ajaýyp şertler, edara-kärhanalardaky Ilkinji Ýaşlar guramalarynyň öňünde durýan wezipeler, ýaş nesliň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini, milli däp-dessurlarymyzy, ýol-ýörelgelerimizi yzygiderli wagyz-nesihat etmegiň möhümdigi dogrusynda täsirli gürrüňler edildi.

     Şanly senä bagyşlanan söhbetdeşlikde halkymyzy eşretli durmuşa ýetiren, ýaşlaryň ählitaraplaýyn sazlaşykly ösüşi ugrunda giň şertleri döredýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözleri aýdyldy.

 

Altyn ATAKOWA,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Görogly etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar