BILIM – BAGTYŇ AÇARY

     Gahryman Arkadagymyzyň taryhy başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiz beýleki ulgamlar bilen bir hatarda ýurdumyzyň bilim ulgamyny has-da ösen derejä ýetirmek maksady bilen alnyp barylýan işlere uly ähmiýet berýär.. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Biz bilim ulgamynda ruhy taýdan kämil, giň dünýägaraýyşly ýaş nesilleri terbiýelemek boýunça netijeli işleri alyp barýarys» diýip bellemegi bilim ulgamynyň saýlan ýolunyň aýdyň we netijelidigini, milli däplerden gözbaş alyp, döwrebap derejede ösdürilýändigini aýdyň görkezýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ruhubelent, ýokary ahlakly we bilimli ýaş nesli kemala getirmek hem döwlet ösüşiniň strategik wezipeleriniň birine öwrüldi. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de durnukly we hemmetaraplaýyn ösdürmekde hem-de onuň dünýä giňişliginde eýeleýän öňdebaryjy ornuny pugtalandyrmakda döwletimiz hem, halkymyz hem ýaşlara bil baglaýar.

     Ýaşlara bilim bermek, hünär öwretmek işlerinde hem-de terbiýelemekde milli halypa-şägirtlik mekdebiniň ýörelgelerinden giňden peýdalanmagyň Türkmenistanda Ýaşlar barada döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň hatarynda kesgitlenilmegi ýaşlara berilýän üns-aladanyň aýdyň nusgasydyr. Bu ugurda Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz nusgalyk mekdebidir. Gahryman Arkadagymyzyň ýaşlar bilen yzygiderli geçirýän duşuşyklarynyň, umumy okuw sapaklarynyň mysalynda ýaş nesli watançylyk ruhda terbiýelemäge, biziň ak ertirlerimize gönükdirilen işleri durmuşa geçirmäge aýratyn üns berilýändigine ýene bir ýola aýdyň göz ýetirýäris.

     Ylym-bilim bir düýpsüz ummandyr. Şol ummanda gulaçlap, ylym-bilimden paýyny alýan, geljegine ynamly türkmen ýaşlarynyň kalby buýsançdan doly. Ýaşlaryň dürli ylym-bilim bäsleşiklerinde, halkara internet olimpiadalarynda gazanýan üstünlikleri bolsa gün-günden artýar. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän ylym-bilim özgertmeleriniň, ýylsaýyn gülleýän, gül açýan bilim daragtynyň ajaýyp miweleridir. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bilimi ösdürmek, onuň hilini ýokarlandyrmaklyga sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň zerurlyklaryna laýyklykda, bilimiň ähli basgançaklaryny döwrebaplaşdyrmaga, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga, ukyply we zehinli çagalary ýüze çykarmaga we olary goldamaga gönükdirilen çäreleri durmuşa geçirmek meýilleşdirilendir.

     Ýurdumyzyň aýdyň geljegi ylym-bilimden ýüki ýeten ýaşlara baglydyr. Watanyň geljegini ýaşlarda görýän, bize okamaga, şöhratly taryhymyzy öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys! Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak uzak bolsun, il bähbitli, dünýä ähmiýetli alyp barýan beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

 

Guwanç KAKAJANOW,

Magtymguly adyndaky türkmen döwlet uniwersitetiniň

Geografiýa fakultediniň talyby,

TMÝG-niň agzasy.

Meňzeş habarlar