Ezber gözeller

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkezi tarapyndan Dokma senagatynyň işgärleriniň güni mynasybetli ýurdumyzyň dokmaçy gelin-gyzlarynyň arasynda yglan eden «Bagtyýarlyk döwrüniň ezber gözeli» atly baýramçylyk bäsleşiginiň jemi jemlendi.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde güneşli Diýarymyzda dokmaçylyk pudagy milli ykdysadyýetimiziň güýçli depginler bilen ösýän senagat pudagyna öwrüldi. Tebigatyň taýsyz gözelliginden ylham alan türkmen gelin-gyzlarynyň on barmagynyň hünäri bolup, biziň günlerimize ýeten nepis dokma önümleri älemgoşar öwüşginleri bilen köpleriň ünsüni özüne çekýär. “Dokma dokar elleri” diýlip halk döredijiliginde wasp edilişi ýaly, bu el senediniň ene-mamalarymyzyň gollarynyň hünäri bolup, häzirki günlerde bu ugurda alnyp barylýan işlere aýratyn ähmiýet berilýär.

Ýurdumyzyň dokma senagatyna degişli bolan egirme-dokma toplumlary, fabrikler, pagta arassalaýjy, dokmaçylyk we tikinçilik kärhanalarynda öndürilýän ýokary hilli önümler özüniň ekologiýa taýdan arassalygy, göze gelüwli döwrebap biçüwi, saglyk üçin ýaramlylygy, şonuň ýaly-da süýüminiň berkligi, reňkiniň durnuklylygy bilen alyjylaryň arasynda uly isleg bildirilýär. Kämil tehnologiýalar esasynda öndürilýän panbarhat, ýüpek, atlaz hem-de ştapel ýaly matalaryň önümçiligine ýöriteleşdirilen dokma kärhanasynda ornaşdyrylan öňdebaryjy önümçilik enjamlary gije-gündiziň dowamynda işledilýär.

Her ýyl ýurdumyzda Dokma senagaty işgärleriniň güni ýokary ruhubelentlik bilen bellenilýär. Baýramçylyk mynasybetli dabaralar, dokma önümleriniň sergisi, gyzykly bäsleşikler guralýar. Ýakynda paýtagtymyzyň Modeller öýünde “Bagtyýarlyk döwrüniň ezber gözeli” atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry toý ruhuna beslendi. Bu bäsleşigiň baş maksady dokmaçy gelin-gyzlaryň ata Watanymyza, milli medeni mirasymyza, sungatymyza, däp-dessurlarymyza bolan söýgüsini, türkmen gözellerine mahsus edep-ekramlylyk, mähir-mylakatlylyk häsiýetlerini we işe ezberligini, döredijilik ukybyny açyp görkezmekden hem-de wagyz-nesihat etmekden ybaratdyr.

Eginleri şowurdap duran keteni köýnekli, on barmagy köken ýüzükli, düwmeleri düňňürdäp duran apbasyly gözellerimiz bezemen sahna çykanda tomaşaçylaryň göwünlerini galkyndyryp, milli lybaslarymyza bolan egsilmejek söýgi döretdi. Uz ýörişli, ýüzleri nurana gözellerimiz däp-dessurlarymyzy ussatlyk bilen beýan edip, milli lybaslarymyzy mahabatlandyrdylar. Ýurdumyzyň medeniýet, sungat we döredijilik işgärlerinden ybarat bolan eminler topary ýeňijileri mälim etdi. Ýeňijilere bäsleşigiň guramaçylary tarapyndan şahadatnamalar, gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Bäsleşige işjeň gatnaşan gyzlar bolsa höweslendiriji baýraklara mynasyp boldular.

Oguljeren ŞYHYÝEWA,

Türkmenistanyň Dokma senagaty işgärleriniň

kärdeşler arkalaşygynyň geňeşiniň başlygy.

“Nesil” gazeti,

01.06.2017ý.

Meňzeş habarlar

15 Awgust 2025 | 179 okalan

YLMA, KÄMILLIGE GIŇ ÝOL

15 Awgust 2025 | 61 okalan

BRIFING GEÇIRILDI

13 Awgust 2025 | 336 okalan

ARMYT BARADA