Halkymyzyň ynsanyň iň uly baýlygynyň saglykdygyny belleýär.Her bir maşgalanyň sagdynlygy jemgyýetimiziň mizemez binýadyny üpjün edýär.çünki jemgyýet hem uly göwrümli maşgaladyr.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda her bir ynsanyň saglygynyň, hut şonuň ýaly-da ähli ilatymyzyň saglygynyň goraglylygyny güýçlendirmek bilen bagly çärelere badalga berende ata-babalarymyzyň şol gadymy ýörelgesine eýerýär. 2017-nji ýylyň Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly diýlip yglan edilmegi hem, Türkmenistanda ynsan saglygyna aýratyn ähmiýet berilýändigine şaýatlyk edýär. Ýurdumyzda ynsan saglygyny goramak, raýatlaryň ömür dowamlylygyny uzaltmak bilen bagly alnyp barylýan işler sanardan kän.
Häzirki wagtda Türkmenistanda Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň temmäkä garşy göreşmek boýunça Çarçuwaly Konwensiýasyny durmuşa geçirmek bilen bagly işler giň gerimde alnyp barylýar. Bu işleriň baş maksady Türkmenistany 2025-nji ýyla çenli temmäkiden azat ýurda öwürmekden ybaratdyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ilatymyzyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz-nesihat etmek we giňden ornaşdyrmak, temmäkä garşy göreşmek, raýatlarymyzyň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmak we abadançylygyny mundan beýläk hem ýokarlandyrmak, adam ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak üçin netijeli çäreleri durmuşa geçirmekde Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň temmäkä garşy göreşmek boýunça Çarçuwaly Konwensiýasyny Türkmenistanda durmuşa geçirmegiň 2017 — 2021-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasy, şeýle hem şu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklandy. Bu resminama ýurdumyzda temmäkä garşy göreşi alyp barmagyň geljekki meýilnamalaryna uly badalga berdi.
Maý aýynda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde temmäkä garşy göreşmegiň biraýlyk çäreleri giň gerimde ýaýbaňlandyryldy hem-de çuňňur many-mazmunly wagyz-nesihat çäreleri geçirildi. Ýaşlaryň temmäkä garşy göreşi beýan edýän suratlary çekmegi, ol suratlaryň bolsa halk köpçüligine ýörite sergiler arkaly ýetirilmegi has-da täsirli boldy.
Şirin MIRMEDOWA,
TMÝG-niň Arçabil etrap geňeşiniň başlygy:
— Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bedenterbiýe-sport hereketi ýurdumyzda görlüp-eşidilmedik uly gerime we ösüşe eýe bolýar. Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça ýurdumyzda geçirilýän bedenterbiýe-saglyk we sport çärelerine watandaşlarymyzyň müňlerçesi, şol sanda ýaşlar hem uly ruhubelentlik bilen gatnaşýarlar. Şeýle giň möçberli sport çäreleri sportuň dünýäde meşhur görnüşlerini ösdürmäge, höweslendirmäge, bar bolan düzümi döwrebaplaşdyrmaga hem-de halkymyzy köpçülikleýin sport bilen meşgullanmaga çekmäge gönükdirilendir.
Ýaşlary watançylyk, belent ynsanperwerlik ruhunda we asylly milli ruhy-ahlak ýörelgeler esasynda terbiýelemek, beden taýdan taplamak we sport bilen yzygiderli meşgullanmaga höweslendirmek Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe öňe sürülýän wezipeleriň möhüm bölegi bolup durýar. Bagtyýar we ruhubelent ýaşlar Arkadag Prezidentimiziň şahsy göreldesine eýerip, sagdyn durmuş ýörelgesini özlerine hemra edinýärler. Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça Saglyk ýoluna köpçülikleýin ýörişiň guralmagy ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmekde uly ähmiýete eýedir.
Halkymyzyň sagdyn, ruhubelent we bagtyýar durmuşy barada edýän çäksiz aladalary üçin Arkadag Prezidentimize köp sagbolsun aýdýarys.
Golaýda, Bütindünýä temmäkä garşy göreşmek güni mynasybetli ýurdumyzda yglan edilen biraýlygyň jemleýji çäreleri geçirildi. Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde, Onkologiýa ylmy-kliniki merkezinde, şeýle hem Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň mejlisler zalynda ýaýbaňlandyrylan maslahatlarda ýurdumyzda yglan edilen biraýlygyň jemleri jemlendi.
Türkmenistany temmäki tüssesinden azat ýurda öwürmek bilen bagly öňde goýlan maksat diňe bir saglygy goraýyş hünärmenleriniň wezipesi bolman, eýsem ýurdumyzyň her bir raýatynyň borjy bolup durýar. Temmäki tüssesiniň ynsan bedenine ýetirýän zyýany uludyr. Olaryň ählisi birigip, ynsan ömrüni gysgaldýar. Ýaş çagalaryň we ýetginjekleriň saglygy bolsa temmäki tüssesiniň ýanynda has-da ejizdir. Munuň özi bize temmäki tüssesiniň milletiň geljegine howp salýan ýaramaz pişedigine düşünmegimiz üçin ýeterlikdir.
Arkadag Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynda ynsan saglygyny goramak wajyp iş hasaplanýar. Şeýle il-ýurt bähbitli işlere sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmek bilen jogap bermek biziň her birimiz üçin mukaddes borçdur. Ýurdumyzy sagdynlygyň we bagtyýarlygyň mekanyna öwren milli Liderimize köp sagbolsun aýdýarys.
“Nesil” gazeti,
01.06.2017ý.