AÝDYM-SAZLY ÇÄRE GEÇIRILDI

     Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň we Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň bilelikde guramagynda institutyň uly mejlisler zalynda talyp ýaşlaryň, mugallymlaryň gatnaşmaklarynda «Türkmen Bitaraplygy – parahatçylygyň, durnuklylygyň, deňhukukly hyzmatdaşlygyň, mizemez jebisligiň hem-de ylym-bilimiň binýady» atly aýdym-sazly baýramçylyk duşuşygy geçirildi.

     Gyzykly geçen çärede Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Ýaşlyk» teleradioýaýlymynyň Çagalar we ýetginjekler bölüminiň jogapkär kätibi Jemal Gurbanowa, TMÝG-niň Aşgabat şäher Geňeşiniň Medeniýet we köpçülikleýin habar beriş bölüminiň müdiri Hoşgeldi Annageldiýew, institutyň Dünýä ykdysadyýeti kafedrasynyň mugallymy, ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy Allaberdi Berdiýew, institutyň Marketing fakultetiniň talyby Ogulhajar Gulowa, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby Jeren Döwledowa dagylar çykyş etdiler.

     Çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň parasatly Baştutanlygynda ýurdumyzyň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty, türkmen bitaraplygynyň möhüm orny, ýurdumyzda amala aşyrylýan ylym-bilim özgertmeleri, ýaşlar barada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary dogrusynda giňişleýin durup geçdiler.

     Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň “Hazyna” aýdym-saz döredijilik toparlarynyň çykyşlary bolsa, çärä baýramçylyk öwüşginini çaýdy.

     Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar halkymyzy asuda, bagtyýar durmuşda ýaşadýan, ýaşlaryň ylymly, bilimli bolmagy üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan alkyş sözlerini beýan etdiler.

 

Enejan DOLAÝEWA,

TMÝG-niň Aşgabat şäher Geňeşiniň

guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar