Juwan kalplar joşanda

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň bagtly talyp ýaşlarynyň köňül joşguny aýdymdyr tanslara, goşgudyr sazlara siňip,bagtyýarlygyň waspçysy bolup ýaňlanýar.Bilimden paýly, ylma höwesli, döredijilik ruhly türkmen talyplary Gahryman Arkadagymyz tarapyndan yzygiderli üns-alada bilen gurşalýar.

Medeniýet we sungat çygrynda ýaşlaryň ýurdumyzyň medeni durmuşyna gatnaşygyny işjeňleşdirmek, döredijilik ukyplaryny ösdürmek, bäsleşikleriň, festiwallaryň sanyny köpeltmek maksady bilen birnäçe işler alnyp barylýar. Her ýyl ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan ýaşlaryň arasynda «Ýylyň talyby», «Talyp gözeli», «Berkarar döwletiň bagtyýar gerçekleri» atly ylmy we döredijilik bäsleşikleri geçirilýär.

Paýtagtymyzdaky «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Aşgabat şäher häkimliginiň bilelikde guramagynda «Talyp joşguny — 2017» atly döredijilik festiwalynyň jemleýji konserti guraldy. Talyp ýaşlaryň arasyndan dörediji zehinleri ýüze çykarmak, çeper höwesjeňleriň ukybyny ösdürmek maksadyna eýerýän bu bäsleşigiň deslapky tapgyrlary ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde ýaýbaňlandyryldy.

Döredijilik festiwalynyň jemleýji konsertinde bäsleşigiň deslapky tapgyrlarynda has netijeli çykyş eden ýokary okuw mekdepleriniň talyplar topary bilelikde çykyş etdiler. Birnäçe şertden ybarat bolan bäsleşigiň barşynda talyplar bagtyýar zamanamyzy wasp edýän edebi-çeper kompozisiýany ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler.

Hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli durmuşa geçirýän işlerinden, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň eşretli durmuşyndan ylham alan şirin aýdymlar juwan köňülleriň joşguny bolup ýaňlandy. Orkestr toparynyň sazandalyk etmeginde ýerine ýetirilen tansly çykyş, hor toparynyň aýdymy, talyp durmuşyndan alnan degişme sahnasydyr aýdyşyk aýdymy, Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynyň dabaraly wakalary — Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary bilen utgaşyp, ýaşlaryň döredijilik başarnyklarynyň ussatlygyny açyp görkezdi.

Talyplar toparynyň taýýarlan edebi sazly çykyşy tomaşaçylarda has uly täsir galdyrdy. Çykyşlarda hormatly Prezidentimiziň türkmen talyplarynyň ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly we ösen döredijilik ukyply hünärmenler bolup ýetişmegi ugrunda alyp barýan syýasaty aýdyň dabaralandy.

«Talyp joşguny — 2017» atly döredijilik festiwalyna gatnaşyjylara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi we Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

“Nesil” gazeti,

08.06.2017ý.

Meňzeş habarlar

13 Awgust 2025 | 201 okalan

SANLY BILIM MÜMKINÇILIKLERI

13 Awgust 2025 | 207 okalan

ARMYT BARADA

13 Awgust 2025 | 207 okalan

SAÝAWANLARYŇ DÖREÝIŞ TARYHY