«BITARAPLYK – PARAHATÇYLYGYŇ GÖZBAŞY»

     Ýakynda Aşgabadyň dokma toplumynyň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň Aşgabadyň dokma toplumy bilen bilelikde gurnamagynda toplumyň Tikin fabriginiň zähmetkeşleriniň gatnaşmaklarynda ýetip gelýän Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli «Bitaraplyk – parahatçylygyň gözbaşy» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

     Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda toý-baýramlaryň mekany bolan ýurdumyzda şu ýyl Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 29 ýyllyk şanly baýramy giňden bellenilýär. Çykyş edenler Türkmenistanyň daşary syýasatynyň baş ugry hökmünde bitaraplyk ýoluny saýlap almagy, Bitaraplygyň durnukly ösüşe edýän oňyn täsiri dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler.

     Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar dünýäde parahatçylygy dabaralandyrmak ugrunda möhüm başlangyçlary öňe sürýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

 

Uzukjemal GARAGULYÝEWA,

Aşgabadyň dokma toplumynyň

Ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy.

Meňzeş habarlar

18 Iýul 2025 | 26 okalan

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

18 Iýul 2025 | 27 okalan

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

17 Iýul 2025 | 61 okalan

GEZELENÇ ÇÄRESI GEÇIRILDI