BADYMYZ AŞGABAT 2017-ä

“Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary” diýlende, indi hemmämiz bilýäris, bu taryhy wakanyň badalga almagyna az wagt galdy. Oňa garaşylýan günleriň her biri sabyrsyzlyk bilen geçilýär. Ýadyňyzda bolsa yklymyň ýaryşyna 500, 1 ýyl, 100... gün galanda ýurdumyzyň ähli künjeginde unudylmajak wakalaryň ençemesi bolup, olar taryhyň gatyndan öz ornuny aldy. Ynha, geçen hepdäniň şenbe güni hem şeýle wakalaryň üstüni ýetirdi. Paýtagtymyz Aşgabatda bolşy ýaly ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda hem “Aşgabat 2017” oýunlarynyň başlanmagyna tegelek 50 gün galmagy mynasybetli köpçülikleýin tigir ýörişi guraldy. Muňa hormatly Prezidentimiziň hut özi hem gatnaşdy. Saglygy başynyň täji saýýan halkymyz döwlet Baştutanymyzyň göreldesine eýerip, bu möhüm ähmiýetli çärä örän işjeň gatnaşdy. Daň saz berende başyny bulutlara diräp oturan Köpetdagyň etegindäki aýna ýaly ýoldan ýörişe düşen welosipedçilerimiz uly ruhubelentlik bilen şäher merkezine tarap ugrady. Şeýle ýörişe gatnaşmagyň ýakymy diýseň üýtgeşik. Öňe okdurylyp barýarkaň ýaňaklaryňy sypap geçýän säheriň mymyk howasy göwnüňi göterýär, rahatlygy, ruhubelentligi, öňüňde goýan maksatlaryňa ýetmek üçin yhlaslylygy bagyş edýär. Üstesine, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň şekili bolan Wepalynyň dürli sport görnüşindäki heýkeljikleri her ädimde seni garşy almagy badyňa bat goşýar. Şeýle-de, aýdymçylarymyzyň ýerine ýetirmeginde ýaňlanýan dürli aýdym-sazyň owazy kalbyňdaky begenjiňi goşalandyrýar. Şäher merkezine aralaşanyňda bolsa şatlyk-şowhuny al-asmana göterilen, öz penjirelerinden ýa-da ýoluň ugrunda ellerini galgadýan bagtyýar raýatlarymyzyň ýüzlerindäki mähir uçganaklaryny synlap barşyňa ýurdumyzda parahatçylygyň, asudalygyň, agzybirligiň rowaçlanýandygyna magat göz ýetirýärsiň.

Diýarymyzda hormatly Prezidentimiz tarapyndan amala aşyrylýan beýik işleriň şaýady bolmak bilen ynha, bu geçirilen tigir ýörişi hem geljekde ýatlanyljak möhüm ähmiýetli çäreleriň biri bolar. Ýene-de sanlyja günlerden döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda Türkmenistan döwletimiz ägirt taryhy wakanyň gapysyny açar. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna badalga berler. Halkymyz Oýunlara geljek ýer ýüzüniň dürli halklaryny güler ýüz, mähir-muhabbet bilen gujak gerip, myhmansöýerlik bilen garşy alar. Türkmen sportunyň at-abraýy bolsa beýik ýollara rowana bolar. Bu ýollar Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan parahatçylyk ýoly bilen uzar gider, uzar gider...

Jeýhun GELDIÝEW,

S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy.

“Nesil” gazeti,

01.08.2017ý.

Meňzeş habarlar

16 Awgust 2025 | 818 okalan

AWAZA — DOSTLUK WE PARAHATÇYLYK DEŇZI

15 Awgust 2025 | 244 okalan

YLMA, KÄMILLIGE GIŇ ÝOL