Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşi Görogly etrap bilim bölümi bilen bilelikde, daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 65-nji orta mekdepde Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli, “Türkmen Bitaraplygy dünýä ýüzüne nur saçýar” atly aýdym-sazly baýramçylyk dabarasyny geçirdi. Halkara Bitaraplyk gününi mynasybetli guralýan çäreleriň çäklerinde aýdym-sazly baýramçylyk dabarasyny guramak, bu şanly senäniň many-mazmunyny ýaşlara düşündirmek maksady bilen geçirilen aýdym-sazly çärede mekdep okuwçylarynyň ýerine ýetirmeklerinde türkmen, rus we iňlis dillerinde goşgular, çeper okaýyşlar okaldy, dürli dillerde aýdymlar aýdyldy. Dabara gatnaşan ýaş nesilleriň ajaýyp çykyşlarynda ata Watanymyzyň ösüşleriniň waspy, türkmen ýaşlaryna okamaga, öwrenmäge, döredijilik bilen meşgullanmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çaga ýüreklerinden çykýan çäksiz minnetdarlyklary belentden-belent ýaňlandy.
Kamolbek SOBIROW,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň
Görogly etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.