Golaýda Görogly etrabynyň medeniýet merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşiniň guramagynda ruhubelentlige beslenen maslahat duşuşygy geçirildi. Ýurdumyzyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmeginiň baýramçylyk hökmünde halkara derejesinde giňden bellenip geçiriljekdigi mynasybetli guralan maslahata il sylagly ýaşulular, mährem eneler, edara-kärhanalarda zähmet çekýän öňdebaryjy ýaşlar gatnaşdylar. Maslahatda bellenilişi ýaly, täze taryhy döwrümizde gadam basylýan her bir ýyl döwrebap şygar bilen atlandyrylýar. Şeýle-de, çykyşlarda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň sebitde ylalaşdyryjy merkez bolup çykyş edýändigi, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň öňe sürýän halkara başlangyçlarynyň dünýäde giňden goldaw tapýandygy, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde bolsa, ýurdumyzyň başlangyjy esasynda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilendigi, şunuň bilen baglylykda, geljek ýylda ýurdumyzda we sebit döwletlerinde köp sanly halkara çäreleriniň geçiriljekdigi bellenildi.
Täjigül GYLYJOWA,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň
Görogly etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.