DIL BILEN DÜNÝÄNI AÇYP BOLÝAR

Milli bilim ulgamyny ösdürmek, onuň işini yzygiderli kämilleşdirmek Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe buýsançly döwlet ösüşlerini gazanmagyň baş ugurlarynyň biri bolmagynda galýar. Munuň ýeterlik sebäbiniň bardygyny bellemek zerur. Bilim üçünji müňýyllykda islendik ugurdaky ösüşlere ak ýol açýan keremli güýç hökmünde tutuş dünýäde ykrar edilýär. Dünýä bilimi okgunly gadamlar bilen öňe barýar, onuň bilen deň gadam urmakçy bolsaň, ilki bilen dünýä halklarynyň dillerinde suwara gürlemegi, hiç bir päsgelçiliksiz düşünişmegi başarmaly.

Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan bilim özgertmeleriniň baş maksatlarynyň biri-de ýurdumyzda ýaşlara berilýän bilimiň tutuş dünýäde ykrar edilmegini gazanmak bolup durýar. Umumybilim we hünär okuwy mekdeplerinde interaktiw okuw usulynyň ornaşdyrylmagy, okatmak işiniň düýpli kompýuterleşdirilmegi, bilim edaralarynda terbiýelenýän çagalara daşary ýurt dilleriniň düýpli esasda okadylmagy, dil sowady sapaklarynyň orta bilim maksatnamalaryna girizilen esasy dersleriniň hatarynda goýulmagy bu aýdyň hem asylly maksatlara ýetmäge kuwwatly itergi berýär. Ýurdumyzyň bilimlere teşne, edep-ekramly, zähmetsöýer, ezber hem hakyky watançy ýaşlarynyň arasynda dil bilimi boýunça bäsleşikleriň yzygiderli guralmagy we geçirilmegi bolsa dünýä dillerini has erjel, tutanýerli öwrenýän, dil sowadynda deň-duşlaryna asyl ly görelde bolmagy başarýan ýigitleri we gyzlary öňe saýlamaga, olaryň has-da ösüp-örňemegine goldaw-ýardam bermäge giň ýol açýar.

Gahryman Arkadagymyzyň türkmen ýaşlarynyň türkmen, iňlis, rus dillerinde arassa hem suwara gürläp bilmeklerini gazanmak boýunça öňe süren wezipelerini gyşarnyksyz durmuşa geçirmäge mynasyp goşant goşmak maksady bilen ýurdumyzda döwlet derejesinde bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli yglan edilen “Berkarar döwletiň kämil ýaşlary” atly bäsleşik Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan guraldy. Bäsleşigiň diýseň gyzykly, çekeleşikli geçendigini, ýaşlarda dil bilimine örän uly gyzyklanma hem höwes döredendigini bellemek gerek. Bäsleşik ýurdumyzyň 25 ýaşa çenli raýatlarynyň arasynda geçirildi. Oňa gatnaşanlaryň arasynda mekdep okuwçylary, goly gujurly talyp ýaşlar, dürli hünärde, dürli kärde zähmet çekip, Watan kuwwatyna kuwwat goşýan ýigitler we gyzlar, ýaş mugallymlar, edermen Watan goragçylary bar.

Çäräniň Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň milli merkeziniň täze mejlisler jaýynda geçirilen ilkinji döredijilik bäsleşigi bolandygyny bellemek has hem ýakymlydyr. Bäsleşigiň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy Soltangeldi Babaýew ýygnananlara gutlag sözi bilen ýüzlendi. Ol öz çykyşynda türkmen ýaşlarynyň bagtyýar şu güni, ýagty geljegi ugrunda bimöçber tagallalary edýän, ýaş nesilleriň golundaky hem gursagyndaky buýsanç Tuguny al-asmana göterýän aladalary hem çäksiz sahawaty bilen her bir türkmenistanlynyň kalbyny alkyşlardan joşdurýan Gahryman Arkadagymyza berk jan saglygyny, uzak ömür, baky rowaçlyklary dileg etdi.

Dil — halkyň ruhy hazynasynyň altyn açary. Bäsleşige gatnaşan ýaşlar bu hakykaty durmuş ýörelgesine öwrüp, daşary ýurt dillerini erjellik bilen öwrenýärler. Çeper dilli türkmen ýaşlarynyň 363-si bäsleşigiň deslapky saýlama tapgyrlaryna gatnaşdylar, olardan has üstünlikli çykyş edenleriniň 30-sy jemleýji tapgyryň zehin synagynda çykyş etmäge hukuk gazandylar. Olar iňlis dilinde arassa gepleşmekde, dil sowadynda, daşary ýurt diliniň söz baýlygyny hem çeper öwrümlerini ýerlikli peýdalanmakda öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler, bu bolsa çärä gatnaşyjylarda zehinli ýaş nesillerimize bolan ýürek buýsanjyny goşalandyrdy.

Eminleriň gelen gutarnykly netijelerine laýyklykda “Berkarar döwletiň kämil ýaşlary” atly bäsleşikde arzyly baş baýrak ýurdumyzyň Balkan welaýatyndan gelen Şamuhammet Hajyýewe biragyzdan berildi. Ol häzirki döwürde Rumyniýa döwletiniň Nebit-gaz uniwersitetiniň talyby. Baýrakly 1-nji orna Aşgabat şäheriniň 20-nji orta mekdebiniň göreldeli okuwçysy Kerwenmyrat Myradow, 2-nji orna Gülşat Hojamgulyýewa we Güljahan Annagurbanowa mynasyp boldular. 3-nji orna bolsa, Aşgabat şäherinden Döwran Şammyýew, Selbi Seýitgulyýewa we Ýuliýa Gluhowa dagy çykmagy başardylar. Ýeňijilere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Hormat hatlary we sowgatlary, şeýle-de bäsleşige gatnaşyjylara höweslendiriji baýraklar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Rüstem MÄMMEDOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň  Merkezi Geňeşiniň baş hünärmeni.

“Nesil” gazeti,

31.08.2017ý.

Meňzeş habarlar