Salam, Aziada, salam, dost-doganlyk!

Dili dogaly, köňli kelamly ilimizde salam — sag-salamatlygyň, dost-doganlygyň, asudalygyň we abadançylygyň baş şerti hasaplanýar. Mukaddes ojagyna gadam goýan myhman-gonaga halkymyz öýüniň iň arzyly ýerinden — töründen orun berýär. Bu milli däp dünýä ýüzünden gözel Türkmenistana myhman, syýahatçy, alym taryhçy bolup gelen her bir daşary ýurtly dostlarymyzy haýrana goýýar. Ine, Gahryman Arkadagymyzyň Ýer ýüzünde parahatçylygy pugtalandyrmak, dost-doganlyk gatnaşygyny berkitmek maksady hem-de öňdengörüjilikli pähim-parasady bilen paýtagtymyz Aşgabatda geçirilýän Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna gatnaşmaga gelen myhmanlar babatynda hem şu ajaýyp ýörelgeden ugur alynýar. Ilkinji nobatda sebitde deňi-taýy bolmadyk, özüne 30-dan gowrak desgany birleşdirýän Olimpiýa şäherçesiniň gurlandygy göwünleri galkyndyrýar. Şäherçäniň şeýle owadan, kaşaň, dünýä derejeli binalarynyň kemala gelmegine hem-de döwrebap enjamlaryň oturdylmagyna döwletimiziň hem-de milli Liderimiziň yhlasly zähmeti siňdi. Bu şäherçäniň tapgyrlaýyn gurluşyk işleriniň, hormatly Prezidentimiziň wagtal-wagtal baryp işleriň netijesi bilen gyzyklanmagynyň dünýä ýaýlymlary arkaly Ýer ýüzüne mälim bolmagy bolsa, diňe Aziýa yklymyndan däl, eýsem Ýer ýüzünden şu oýna gatnaşmak isleýän janköýerleriň sanyny artdyrdy. Eýýäm geçen ýylyň ahyrynda deslapky tapgyrlary başlanan halkara synag ýaryşlarynyň ýalkymy Ýer şaryny ýagtyltdy. Şol oýunlara ençeme döwletlerden türgenler we tälimçiler gatnaşdylar. Biziň ýurdumyzyň ýaş türgenleri oňa ykjam taýýarlykly geldiler. Olaryň birnäçesi agyr atletika, milli göreş, kikboksing, suwda ýüzmek boýunça geçirilen deslapky ýaryşlarda baýrakly orunlara mynasyp boldular.

“Aşgabat 2017” oýunlary ajaýyp Olimpiýa şäherçesiniň ýapyk binalarynda sport oýunlarynyň futzal, jiu-jitsu, türkmen milli göreşi görnüşleri bilen başlanar. Bu ýaryşlarda türkmen ýaşlarynyň uly üstünliklere beslenjekdiklerine berk ynanýarys. Sebäbi milli göreş ýaly halky oýunlarymyzyň şöhrat getirjekdigine şek-şübhe bolup bilmez. Külli türkmen ili milli göreşiň mekany hasaplanýar. Gadymy Merwde, Amulda, Nusaý galasynda gazuw-agtaryş işleri geçirilende, milli göreşiň alamatlaryny berýän heýkeljikleriň tapylmagy onuň aýdyň subutnamasydyr.

Daşoguz topragy hem pälwanlaryň mesgeni saýylýar. Köpi gören ýaşuly nesiller bilen söhbetdeşlikde, bu keramatly ülkede Pilmahmyt adyny alan belli pälwanyň — Mahmyt pälwan baradaky rowaýatlaryň ençemesini diňlemek bolýar. Mahmyt pälwan ХIII asyryň ortalarynda ХIV asyryň başlarynda ýaşap geçen, milli göreşi aňrybaş derejä ýetiren belli pälwandyr. Ol diňe bir türkmen ilinde däl, eýsem Eýran, Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Özbegistan ýaly goňşy döwletlerde hem ýagyrnysy ýere degmedik abraýly pälwan bolupdyr. Hormatly Prezidentimiziň “Türkmen medeniýeti” atly ajaýyp kitabynda beýan edilişi ýaly, göreş tutmagyň gadym döwürlerden bäri türkmen halkynyň milli oýunlarynyň biri bolandygyny Pilmahmydyň keşbiniň üsti bilen hem görmek bolýar. Biz “Aşgabat 2017” oýunlarynda ähli türgenlerimize, aýratyn-da milli göreşe gatnaşýan ýigitlerimize Pilmahmydyň ruhubelentligini we şan-şöhratyny arzuw edýäris.

Türkmen halkymyz, aýratyn-da ýaş nesillerimiz adatdan daşary ruhubelentlige we şadyhorramlyga beslenýär. Sebäbi şu gün nesip bolsa, Türkmenistanyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak, halkymyzyň at-abraýyny belende galdyrjak “Aşgabat 2017” oýunlary başlanýar. Oýunlara gatnaşmaga, görmäge gelen daşary ýurtly dostlarymyz türkmeniň myhmansöýerlik däbi, güler ýüzi, ynsanperwer garaýyşlary, gyzgyn mähri bilen çoýulýar. Aşgabadyň gözelligini görmäge göz gerek. Şanly ýyllaryň şaýady bolan giň we göni şaýollar, olaryň gyrasyny jähekläp oturan gyrymsy, medeni bezeg agaçlary, parça-parça açylyşyp duran güýz gülleri, ýalkym saçýan yşyklandyryjylary halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň belentligini görkezýär. Dünýä ülňülerine laýyk gelýän aýlawly ýollar, ýerüsti we ýerasty geçelgeler, önümçilik kärhanalarymyzda öndürilen ýerli harytlarymyzdan dolup duran dünýä derejeli marketler, söwda nokatlary, ak bazarlar Türkmenistanyň indi dünýä ýurtlaryndan haryt kabul edýän ýurt däl-de, eýsem ekologiýa taýdan arassa, ynsan saglygy üçin ýaramly önümleri eksport edýän döwlet derejesine ýetendiginiň güwäsidir.

Buşluk, Diýarymyzda bu gün uly toý başlanýar. Halkara derejeli sport oýunlaryna badalga berilýär. Gözüňiz aýdyň, mähriban ildeşler! Bu uly ýaryş türkmen halkynyň şan-şöhratyny ýene-de bir basgançak belende galdyrar. Bu keremli toprakda Mahmyt pälwan ýaly ady taryha girjek ençeme ökde türgenleriň kemala gelendigini bütin dünýä äşgär eder. Üstünlik hemraňyz bolsun, gaýratly türgenler! Alla ýaryňyz bolsun, ezber türkmen türgenleri! Joşup gelen “Aşgabat 2017” oýunlary! Ýoluň rowan, ömrüň dowamat-dowam bolsun!

Agamyrat AKYÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.

“Nesil” gazeti,

17.09.2017ý.

Meňzeş habarlar