Golaýda şeýle ajaýyp baýramçylyk şygary bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher Geňeşi, Daşoguzyň Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebinde Täze ýyl baýramyny dabaralandyrmak maksady bilen, aýdym-sazly baýramçylyk dabarasyny geçirdi. Çärä mekdebiň mugallymlary hem-de talyp ýaşlary gatnaşdylar. Mekdebiň aýdym-saz toparynyň ýerine ýetiren ajaýyp çykyşlary oňa gatnaşanlara şatlyk paýlady. Ýerine ýetirilen aýdym-sazlarda eziz Watanymyzyň ösüşleri we bagtyýar ýaşlyk giňden wasp edildi.
Çynar MÄMEDOWA,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň
Daşoguz şäher Geňeşiniň bölüm müdiri.