GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ “HAKYDA GÖWHERI” ATLY TÄZE KITABYNYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI

     Ýaňy-ýakynda Görogly etrabynyň medeniýet merkezinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän “Hakyda göwheri” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Oňa Mejlisiň deputatlary, etrap halk maslahatynyň agzalary, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri we işjeň agzalary, bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynyň wekilleri, il sylagly ýaşulular hem-de mährem eneler gatnaşdylar.

     Dabarada Görogly etrap hassahanasynyň baş lukmanynyň orunbasary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Kakamämmet Nepesow, il sylagly ýaşuly Rejepgeldi Ýazgurbanow, mährem ene Haljan Arazmedowa, etrap merkezi kitaphanasynyň direktory, TDP-niň işjeň agzasy Ogulboldy Öwezowa, TKA-nyň etrap birleşmesiniň başlygy Şasenem Orazowa, TMÝG-niň Görogly etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni Kemal Sabyrow dagylar çykyş edip, Milli Liderimiziň “Hakyda göwheri” atly kitabynyň halkymyzyň şöhratly taryhyny, baý medeni mirasyny, nusgalyk döwletlilik ýörelgelerini beýan edýän, olary täze many-mazmun bilen baýlaşdyrýan eserdigini, onuň ýaş nesilleri watançylyk, belent ahlaklylyk, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde gymmatly hazynadygyny aýratyn bellediler.

     Tanyşdyrylyş dabarasynda etrabymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlaryna hem giň orun berildi. Joşgunly ýerine ýetirilen şirin aýdymdyr sazlar dabara gatnaşyjylara ruhy lezzet paýlady.

     Dabara gatnaşanlar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar. Gahryman Arkadagymyzyň galamynyň ýiti, şeýle ajaýyp kitaplarynyň höwrüniň köp bolmagyny arzuw etdiler.

 

Hudaýnazar MEREDOW,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Görogly etrap Geňeşiniň başlygy.

 

Meňzeş habarlar

17 Iýul 2025 | 1 okalan

SPORT-SAGDYNLYKDYR HEM-DE GÖZELLIK

17 Iýul 2025 | 2 okalan

SPORT – KÄMILLIGE BADALGA