Hindi-hytaý ýarymadasynda ýerleşýän döwletleriň söweş sungatlarynyň arasynda taý boksy özüne çekijiligi we özboluşly söweş emelleri bilen bada-bat ünsi çekýär. Boksuň bu görnüşi Taýlandda has meşhur bolup, milli söweş sungaty hökmünde aýratyn orunda durýar. Şunlukda, bu ýurtda diňe sportuň bir görnüşi hökmünde däl, eýsem ol milli medeniýetiň aýrylmaz bir bölegine öwrülen, gadymy taý däplerini we rowaýatlaryny hem özüne siňdiren baý many-mazmunly sungat hökmünde bellidir. Her ýylyň 6-njy fewralynda Taýlandda şatlyk-şowhuna beslenip, baýramçylyk ruhunda milli taýboksuň güni bellenip geçilýär. Şol gün ussat taýboks söweşijileri täsirli we geň galdyryjy emelleri bilen görkezme çykyşlary guraýarlar. Bu çykyşlar taý halky we jahankeşdeleri üçin ýatdan çykmajak baýramçylyk sowgady bolýar. Agşamyna bolsa, däp bolşy ýaly, özboluşly boks agşamlary geçirilýär we ol tomaşa edýänleriň ählisini tolgundyryjy pursatlary bilen özüne bendi edýär.
Häzirki wagtda muaý-taý ýa-da taý boksy boýunça ýörite halkara federasiýa hereket edýär. Ol gysgaça IFMA, ýagny «International Federation of Muaythai Amateur» diýlip atlandyrylýar. Bu federasiýa 1993-nji ýylda esaslandyrylýar we şol döwürden bäri işjeň hereket edip gelýär. Öz döwründe söweşiň taý boks görnüşi boýunça dürli derejedäki ýaryşlary guraýar, şol bir wagtda dürli halkara ýaryşlaryň, esasan-da, söweş sungatlary boýunça Aziýa oýunlarynyň çäklerinde bu ugur boýunça ýaryşlara gözegçilik edýär. Federasiýa ilkinji muaý taý boýunça halkara derejeli ýaryşlaryny 18-nji Günorta-Gündogar Aziýa oýunlarynyň çäklerinde geçirdi.
Adatça taý boksy bilen kikboks ussatlarynyň köp sanlysy meşgullanýarlar ýa-da taý boksuň emellerinden peýdalanýarlar. Şeýle ussat söweşijileriň arasynda Sombat Bançamek ady bilen tanalýan ýene-de bir taýboks ussady dünýä bellidir. Oňa «Ak lotos», ýagny ýerli dilde «Buakhau» diýýärler. Ol ençeme gezek dürli agramlarda dünýä çempiony bolmagy başarýar. Mundan başga-da, «Altyn oglan» lakamy bilen tanalýan gollandiýaly Badr Hari, Alistar Siis Owerim, «Kro kop» lakamy bilen belli bolan horwatiýaly Mirko Filipowiç, amerikaly söweş ussady we aktrisa Jina Joý Karano, ýaponiýaly Ýosihiro Sato, ermenistanly Geworg Petrosýan, azerbaýjanly Zabit Samedow, belarussiýaly Wasiliý Walerýewiç Şiş dürli ýyllarda geçirilen söweş sahnalarynda aldym-berdimli söweşleri alyp bardylar we garşydaşlaryna sähelçe wagtyň içinde uly zarba berip, ýeňiş gazanmagy başardylar.
Taýboks söweşijä güýç-gaýrat, ruhy durnuklylyk we akyl-paýhas berýär. Söweş sahnasynda iki söweşijiniň alyp barýan söweş pursatlaryny sekuntlaryň söweşi diýip atlandyrmaga esas bar.
Taýland öz döwründe ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça geçirilen halkara ýaryşlaryny birnäçe gezek geçirmäge hukuk gazanypdy. Sportuň ýapyk binalarda geçirilmegi üçin niýetlenen görnüşleri boýunça Aziýa oýunlary iki ýyldan bir gezek geçirilmäge niýetlenip, oýunlaryň ilkinjisini 2005-nji ýylda Tailandyň paýtagty Bangkok kabul etdi. Iki ýyldan bir gezek geçirilmäge niýetlenip ýola goýlan söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlarynyň ilkinjisini hem 2009-njy ýylda Bangkok kabul edipdi. 2013-nji ýylda bolsa oýunlar birleşip, ilkinji gezek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça IV Aziýa oýunlary ady bilen Koreýa Respublikasynyň Inçhon şäherinde geçirildi. V Aziýa oýunlary bolsa, biziň ýurdumyzda geçirildi. Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna girmeýän taý boksy hem öz nobatynda Aziýa oýunlarynyň söweş sungatlary ugry boýunça maksatnamasynda aýratyn orun alýar. Şonuň bilen baglylykda, biziň ýurdumyzda bu söweş sungatyna hem aýratyn orun degişlidir.
Taýýarlan: Nurýagdy GALPAKOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat
Geňeşiniň baş hünärmeni.