Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Garagum etrap Geňeşiniň guramagynda etrabyň merkezi kitaphanasynda 2-nji orta mekdebiň okuwçy ýaşlarynyň gatnaşmagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Çäre Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplarynyň çuňňur many-mazmunyny, ýokary ähmiýetini okuwçylara düşündirmek, şeýle-de, olary kitaphana çekmek maksady bilen guraldy.
Duşuşygyň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp kitaplarynyň ýaşlar üçin gymmatly gollanmadygy, olaryň taryhy maglumatlara baýdygy, bu eserlerde häzirki döwrümiziň ösüşli ýolunyň aýdyň beýan edilýändigi, şeýle-de türkmen halkynyň döwletlilik, ynsanperwerlik ýaly ýörelgelerden ugur alyp, ýurdumyzyň ösüşlerine goşant goşýandygy hakynda täsirli gürrüňler edildi.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, olaryň ruhy we beden taýdan sagdyn bolmagy, edep-terbiýeli, giň dünýägaraýyşly, kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri ugrunda uly aladalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Ýazmyrat ANNAGURBANOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Garagum etrap
Geňeşiniň baş hünärmeni.