TÄSIRLI GURALAN GEZELENÇ

Häzirki günlerde ýaş nesillerde medeni we taryhy ýadygärliklerimize hormat goýmak, olara gadymy gymmatlyklarymyzy giňişleýin açyp görkezmek maksady bilen geçirilýän çäreler giň gerimde ýaýbaňlandyrylýar.

Şu gün Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň, welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hem-de «Ýaşlyk» teleradioýaýlymynyň bilelikde guramagynda geçirilen gezelenç çäresi hem täsirli pursatlara baý boldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze kitabyndan ugur alyp guralan gezelenç çäresine etrap, şäher Ýaşlar guramasynyň işgärleri we bagtyýar ýaşlar ruhubelentlikde gatnaşdylar.

Çäräniň barşynda täsirli çykyşlara orun berildi. Çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň merdana halkymyzyň asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän şöhratly ýolundan, taryhda yz goýan beýik şahsyýetlerimiziň nusgalyk ömür ýolundan hem-de halkymyzyň döwletlilik taglymatyndan söz açýan «Hakyda göwheri» atly ajaýyp kitabynyň terbiýeçilik ähmiýetini ýaşlar köpçüligine giňişleýin ýetirmek maksady bilen guralýan çäreleriň giň gerime eýe bolýandygyny, şunuň bilen baglylykda, bu ajaýyp eseriň ýaşlar üçin durmuş we döredijilik şamçyragdygyny, ýol görkeziji gymmatly hazynadygyny buýsanç bilen bellediler.

Çärä gatnaşanlar Marguş ýurdundan tapylan gadymy Merwiň taryhyna degişli bolan arheologik gymmatlyklar bilen içgin tanyş boldular. Bu bolsa, guralan çäräniň täsirliligini hem-de özboluşlygyny has-da artdyrdy.

Işjeň häsiýete eýe bolan gezelenç çäresine gatnaşan ýaşlaryň her biri geçmiş taryhymyzy we milli mirasymyzy öwrenmäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

 

Aýjeren GELDIÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň müdiri,

Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi.

Meňzeş habarlar

28 Ýanwar 2025 | 64 okalan

SPORT: SAGDYNLYK, BAGTYÝARLYK