GEZELENÇ GURALDY

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap Geňeşiniň guramagynda etrabyň sport mekdebine gezelenç çäresi guraldy.

Çäre ýaşlaryň arasynda sporty ösdürmek, olaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýe bolmagyny gazanmak maksady bilen guralyp, oňa etrapdaky 4-nji çagalar bakja-bagynyň körpeleri hem-de mugallymlary gatnaşdylar. Körpeler sport mekdebiniň döwrebap türgenleşik zallary bilen tanyş boldular. Olar sport mekdebine gatnaýan türgenleriň sport görkezme çykyşlaryna tomaşa etdiler. Şeýle-de, olar türgenleriň türgenleşip duran pursatlaryny synladylar. Mugallymlar çagalara sportuň görnüşleri boýunça düşünje berdiler. Bularyň ählisi çagalarda sporta bolan höwesi oýardy we olarda ýakymly ýatlamalary galdyrdy.

Sport çäresiniň ahyrynda oňa gatnaşanlar sport bilen yzygiderli meşgullanmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

 

Owadan ATDAÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň

Sakarçäge etrap Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

28 Ýanwar 2025 | 64 okalan

SPORT: SAGDYNLYK, BAGTYÝARLYK