Golaýda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly täze kitabynyň neşir edilmegine bagyşlanyp, Mary welaýatynyň Türkmengala etrap merkezi kitaphanasynda geçirilen «Tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik duşuşygy örän täsirli boldy. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Türkmengala etrap Geňeşiniň, etrap merkezi kitaphanasynyň bilelikde guramagynda ýokary ruhubelentlikde geçirilen söhbetdeşlik baý many-mazmunly çykyşlary bilen tapawutlandy.
Çykyşlarda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Magtymguly Pyragy barada ylmy garaýyşlaryny beýan edýän «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly ajaýyp kitabynyň ýaş nesillere watançylyk, ynsanperwerlik terbiýesini bermekde, olary milli ýörelgelerimiz esasynda kemala getirmekde gymmatly gollanmadygy, şunuň bilen baglylykda, täze eseriň terbiýeçilik gymmatyny ýaşlara ýetirmekde guralýan çäreleriň ähmiýeti dogrusynda aýratyn nygtaldy.
«Tegelek stoluň» başyna ýygnananlar hormatly Prezidentimiziň galamynyň ýiti bolmagyny, şeýle ajaýyp kitaplarynyň höwrüniň köp bolmagyny arzuwlap, türkmen halkyny bagtyýar durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.
Babajan MUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň
Türkmengala etrap Geňeşiniň başlygy.