ASYRLARA ÝÖRELGE – NESILLERE GÖRELDE

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň Mary welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi bilen bilelikde guramagynda gezelenç çäresi guraldy. Türkmenistanyň Döwlet Serhet gullugynyň Mary şäherinde ýerleşýän harby bölümleriniň ýaş harby gullukçylarynyň gatnaşmagynda «Asyrlara ýörelge – nesillere görelde» ady bilen guralan gezelenç harby gullukçylar üçin diýseň täsirli boldy.

Gezelenjiň barşynda gadymy mirasymyzyň baý taryhy barada berlen gyzykly gürrüňler ýaşlarda uly gyzyklanma döretdi.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlaryň bagtyýarlygyny üpjün etmek, olaryň ylymly-bilimli, berk bedenli, watansöýüji adamlar bolup ýetişmegi ugrunda ähli tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman, alyp barýan işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

 

Akjeren ANNADURDYÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň

Mary şäher Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň sanly ulgam boýunça

esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

28 Ýanwar 2025 | 64 okalan

SPORT: SAGDYNLYK, BAGTYÝARLYK