AÝDYM-SAZLAR BELENTDEN ÝAŇLANDY

Ýakynda şanly ýylymyzyň döwrebap atlandyrylmagy mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Baýramaly etrap Geňeşiniň we Baýramaly etrap Medeniýet bölüminiň bilelikde guramagynda “Türkmenistan parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” atly aýdym-sazly dabara geçirildi. Dabara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Baýramaly etrap Geňeşiniň işgärleri, işjeň agzalary hem-de Baýramaly etrap Medeniýet bölüminiň aýdymçylary we döredijilik tans toparlary we dürli ulgamlarda zähmet çekýän bagtyýar ýaşlar we mekdep okuwçylary gatnaşdylar.

Şowhuna beslenen dabarada medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde ajaýyp aýdymlar belentden ýaňlandy. “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny” wasp edýän aýdymlar dabara gatnaşyjylarda ýakymly täsir galdyryp, olara ruhy lezzet paýlady.

Dabaranyň ahyrynda bagtyýar ýaşlar ýurdumyzy parahatçylygyň we ynanyşmagyň mekanyna öwren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz sagbolsun aýtdylar.

 

Hojamyrat AKMYRADOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Baýramaly etrap

Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

28 Ýanwar 2025 | 64 okalan

SPORT: SAGDYNLYK, BAGTYÝARLYK